HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus ŞHG-niň işine doly derejede girişmäge taýýar

Fewral 28, 2024 | 11:48 |6126
Belarus Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine doly derejede gatnaşmaga we guramanyň işini täze mazmun bilen doldurmaga taýýar.Belarus Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine doly derejede gatnaşmaga we guramanyň işini täze mazmun bilen doldurmaga taýýar.
Çeşme: sb.by

Belarus Respublikasy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine doly derejede gatnaşmaga we guramanyň işini täze mazmun bilen doldurmaga taýýar.

Bu barada Respublikanyň daşary işler ministri Sergeý Aleýnik ŞHG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Nurlan Ýermekbaýew bilen bolan duşuşygynyň dowamynda mälim etdi. Duşuşyk ýurtda geçirilýän parlament saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşýan wekiliýet toparynyň Minsk şäherine saparynyň çäklerinde geçirildi.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary öz gezeginde Belarus Respublikasynyň ýakyn wagtda ŞHG-e gatnaşýan doly derejeli ýurt bolmagy üçin ähli esaslaryň bardygyny belledi.

Nurlan Ýermekbaýewiň bellemegine görä, Belarus Respublikasynyň guramada uzak wagtlap synçy döwlet bolup gatnaşandygyn agaramazdan, ol doly hukukly agza döwletlerden kem bolmadyk işjeňligi görkezdi we dürli oňyn teklipleridir başlangyçlary hödürledi.

Bellenişi ýaly, Belarus Respublikasy gurama girmek üçin ähli zerur çäreleri netijeli durmuşa geçirdi hem-de ŞHG-niň çäklerinde hereket edýän ähli halkara ylalaşyklara goşuldy. Belarusyň ŞHG-e goşulmak meselesiniň şu ýylyň tomsunda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek gurama agza döwletleriň sammitiň dowamynda oňyn çözülmegine garaşylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026