

Türkmen işewürleri Hytaýda geçiriljek Kanton ýarmarkasyna çakylyk aldylar
Türkmen işewürleri 15-nji aprelda Guançžouda (Hytaý) açyljak 135-nji Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar.


Türkmen işewürleri 15-nji aprelda Guançžouda (Hytaý) açyljak 135-nji Kanton ýarmarkasyna çagyrylýar.


Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýa Federasiýasynyň medeniýet ministriniň orunbasary Andreý Malyşew bilen duşuşdy.


Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan saýlama sapaklar görnüşinde medeni we bilim çärelerini geçirip başlady. Şu gün, 15-nji martda Tsukuba uniwersitetinde we Higaşi Osaka orta mekdebinde şeýle sapaklar geçirildi, şonda şahyryň milli medeniýetdäki roluny görkezýän eksponatlar hem hödürlendi.


14-nji maýda «Google» kompaniýasa tarapyndan işläp düzüjiler üçin her ýylda guralýan «Google I/O» maslahaty geçiriler.


Penşenbe güni, 14-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.


«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilýän sport çärelerine gatnaşdylar.


Aşgabat şäherinde mart aýynyň 16-17-ne geçiriljek medeni dynç alyş çäreleri


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Materiallaryň garşylygy» ugry boýunça III Açyk halkara internet olimpiadasyny yglan etdi diýip, TDBGI-niň resmi saýtynda habar berilýär.


Ýerewandaky A.Babajanýan adyndaky zalda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan uly konsert geçirildi. Bu agşam nusgawy we halk sazlary, şeýle hem Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdymlar ýaňlandy.


Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Annaoraz Döwletow «Non Solo» atly konsertmeýster sungaty we ansambl ýerine ýetirilişi boýunça II halkara bäsleşiginiň baýragynyň eýesi boldy.


Özbegistanda ekologiýa meselelerini çözmek işlerine ýaşlar giňden çekiler diýip, Podrobno.uz agentligi habar berýär.


Uçuşlaryň netijesinde kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa X-66 uçaryny işläp taýýarlamak üçin tagallaryny birleşdirýär.


Ýeňil elektromobilleriň önümçiliginde ýöriteleşen Volvo Cars şwed kompaniýasy bu ulag serişdelerine zarýad bermegiň wagtyny 15-30% azaldar.


Şu gün (14.03.2024ý.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerinden ugur alnyp “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar.. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.


2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.