HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇB-de söwdalar: söwdalarda nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri we gurluşyk serişdeleri ýerlenildi

Mart 15, 2024 | 16:20 |4696
Penşenbe güni, 14-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.Penşenbe güni, 14-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.
Çeşme: exchange.gov.tm

Penşenbe güni, 14-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat önümleri hem-de gurluşyk serişdeleri ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan we Owganystandan telekeçiler «Tip II» gaplama örtügini, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «B» kysymly karbamidi satyn almak boýunça «Türkmennebit» hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Azerbaýjandan işewürler düz boýalan we žakkard sütükli önümleri satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşik baglaşdylar.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini satyn almak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Şeýle hem olar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 13 199 266,26 manatlyk we 32 807 857,17 dollarlyk 15 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026