

“Amyderýa” döwlet tebigy goraghanasynyň nahalhanasynda 14 müň düýp sazak ösdürilip ýetişdiriler
Ýaz paslynyň ilkinji aýynda “Amyderýa” döwlet tebigy goraghanasynyň nahalhanasynda 14 müň düýp sazak nahaly ekiler.


Ýaz paslynyň ilkinji aýynda “Amyderýa” döwlet tebigy goraghanasynyň nahalhanasynda 14 müň düýp sazak nahaly ekiler.


Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki mermer we granit daşlary işlenilýän «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zawody şu ýylyň ilkinji aýynda önümçilik meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdiler.


Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024-nji ýylyň 15-20-nji aprelinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyny (OIOIUS-2024) hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny we sergisini geçirýär. Talyp ýaşlary Halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahata hem-de sergä gatnaşmaga çagyrýarys.


Duşenbe güni, 19-njy fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazarda ýurdumyzda öndürilýän ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.


Sowet Soýuzynyň iki gezek Gahrymany uçarman-kosmonawt A.A.Leonowyň adyny göterýän Tehnologiýalar uniwersiteti Russiýanyň we daşary ýurtlaryň talyplaryny “Çagyryş” ady bilen her ýylda geçirilýän halkara ders olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.


Ylýas Paşa ady bilen hem tanalýan türkmen aýdymçy-sazandasy Ylýas Rejepow “Rossiýa 1” teleýaýlymynda ýaýlyma goýberilýän “Ýürekden aýdylan aýdymlar” (“Песни от всей души”) gepleşiginde çykyş etdi.


18-nji fewral güni Türkmenistandan Özbegistana bir gije-gündizde 21,6 mllion kilowatt sagat elektrik energiýasy iberildi.


Milli demirýol ýük gatnawy bolan “Demirýollary” AGPJ, esasy üstaşyr geçelgeleri boýunça ugurlary açyp, öz wagtynda halkara ýük daşalşynyň guralandygyny habar berdi. Kesgitlenen anyk tertipde işleýän yzygiderli konteýner otlusy logistikany optimallaşdyrar we Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda harytlaryň iberiliş wagtyny azaldar.


Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa duşenbe güni ABŞ-nyň Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martines Ernandesiň ynanç hatyny kabul etdi.


“Türkmenistan” awiakompaniýasy AGPJ 2024-nji ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli howa biletlerini satyn alnanda bahar möwsümi üçin arzanladyşlaryny hödürleýär. Bu barada milli howa gatnawy kompaniýasynyň web sahypasynda beýan edilýär.


Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.


24-25-nji aprelde Pariž şäheriniň “Hyatt Regency Etoile” myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara maýa goýum forumy (TEIF 2024) geçiriler.


Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky we şol bir wagtyň özünde Litwa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, bu ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň Litwanyň Prezidenti bilen ýyllyk duşuşygyna gatnaşmak üçin Wilnýusa iş sapary bilen bardy.


Ösümlikleri gaýtadan işlemekden alynýan bioýangyjyň önümçiligini artdyrmaga ýardam etjek lignin materialyny gaýtadan işlemek tehnologiýasy Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlar topary tarapyndan döredildi.


Incoterms 2020, Halkara Söwda Palatasy (ICC) tarapyndan neşir edilen halkara söwda amallarynyň satyn alyjylarynyň we satyjylarynyň jogapkärçiligini kesgitleýän iň soňky halkara söwda adalgalaryna degişlidir. Bu adalgalar bütin dünýäde ykrar edilýär we harytlary daşamak we eltip bermek bilen baglanyşykly meseleleri, çykdajylary we töwekgelçilikleri düşündirmek üçin ulanylýar.