HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Turkish Airlines» Türkiýeden Günorta Amerika ýurtlaryna uçuşyň şertlerini güýçlendirýär

Aprel 06, 2024 | 09:42 |5569
Türkiýäniň baş awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Wenesuela, Meksika, Kolumbiýa, Kuba we Braziliýa uçýan ýolagçylar üçin pasport-wiza talaplaryndan başga-da, goşmaça şertler girizýär. Bu barada «TRT Haber» habar berýär.Türkiýäniň baş awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Wenesuela, Meksika, Kolumbiýa, Kuba we Braziliýa uçýan ýolagçylar üçin pasport-wiza talaplaryndan başga-da, goşmaça şertler girizýär. Bu barada «TRT Haber» habar berýär.
Çeşme: trthaber.com

Türkiýäniň baş awiakompaniýasy bolan «Turkish Airlines» Wenesuela, Meksika, Kolumbiýa, Kuba we Braziliýa uçýan ýolagçylar üçin pasport-wiza talaplaryndan başga-da, goşmaça şertler girizýär. Bu barada «TRT Haber» habar berýär.

Bu karar Türkiýeden gelýän ýolagçylary ýokarda agzalan ýurtlara goýbermegiň ret edilmegi sebäpli kabul edildi.

Wenesuela girmek üçin resmi, kepillendiriş edarasy tarapyndan çakylyk we wiza bermeli, şeýle hem myhmanhana otagyny bronlamaly we töleg geçirmeli. Mundan başga-da, Karakasdaky Simon Boliwar adyndaky howa menzilinden ýurda girmek mümkin bolmaz.

Hökümet edaralarynyň çözgüdine laýyklykda, Meksika gidýän ýolagçylaryň elektron giriş wizasy, myhmanhanada galjak otagy bronlanan (tölenen we syýahat çykdajylary ýapylan) we yza gaýdyş uçuşy üçin petegi bolmaly. Uzak möhletli ýaşamak üçin rugsatnamasy bolan, ýöne goşlary, syýahat maksadyna laýyk gelýän resminamalary bolmadyk ýa-da ilkinji gezek daşary ýurda gidýän ýolagçylara ýurda girmek gadagandyr.

Kolumbiýa barada aýdylanda bolsa, myhmanhana otagynyň bron edilmegi we iki tarapa uçuş petekleriniň bolmagy talap edilýär. Petegiň hereket edýän möhletiniň wiza talap edýän ýurtlar üçin wiza möhletinde bolmalydygy we üstaşyr geçiş wagtynyň 24 sagatdan az bolmalydygy nygtalýar.

Goşlary we syýahatyň maksadyna laýyk gelýän resminamalary bolmadyk ýolagçylar kabul edilmez.

THY gatnawy bilen Panama uçýan ýolagçylara wiza, iki tarapa hem-de üstaşyr uçuş petegi, şeýle hem myhmanhananyň bronlanmagy gerek bolar. Üstaşyr geçiş wagtynyň 12 sagatdan geçmeli däldigi göz öňünde tutulmalydyr. Goşlary we syýahatyň maksadyna laýyk gelýän resminamalary bolmadyk, şeýle hem jogaplary Panamanyň gümrük polisiýasyny kanagatlandyrmadyk adamlar Panama girip bilmezler.

Kuba girmek üçin talaplar – iki tarapa hem-de üstaşyr uçuş petegi, myhmanhanalaryň otaglarynyň bron edilmegi. Uzak wagtlap galýan, ýöne goşlary, degişli syýahat resminamalary, ýeterlik nagt puly ýa-da zerur bank karty bolmadyk adamlara Kuba girmek gadagandyr.

Kuba ilkinji gezek gelen daşary ýurtlylara we ilkinji gezek daşary ýurda gidýän ýolagçylara hem ýurda girmek gadagandyr.

Braziliýa barýan syýahatçylaryň gezelenç iki tarapa uçuş petekleri, üstaşyr uçuş petekleri bolmaly we myhmanhanalarda otaglar öňünden bron edilmeli. Üstaşyr geçiş wagty 24 sagatdan köp bolmaly däldir. Uzak wagtlap ýurtda galýan, ýöne goşlary, degişli syýahat resminamalary bolmadyk şahslara, şeýle hem ilkinji gezek daşary ýurda gidýänlere ýurda girmek gadagan ediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026