HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler

Aprel 05, 2024 | 15:03 |10582
2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Arkadag şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. Ol Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti tarapyndan guralar.2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Arkadag şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. Ol Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti tarapyndan guralar.
Çeşme: maslahat.gov.tm

2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Arkadag şäherinde boş iş orunlarynyň ýarmarkasy geçiriler. Ol Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti tarapyndan guralar.

Boş iş orunlarynyň ýarmarkasy Arkadag şäheriniň Maliýe we bank toplumynyň binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda geçiriler.

Şäherde ýerleşýän dürli düzümleriň we kärhanalaryň wekilleri boş iş orunlary barada maglumat bererler hem-de talaplary düşündirerler.

Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi gyzyklanma bildirýän raýatlardan ýanlarynda şahsyýetini tassyklaýan şahadatnamasynyň, şeýle hem eger bar bolsa, hünärini tassyklaýan resminamanyň bolmagyny soraýar.

Has anyk maglumatlar üçin:

Arkadag şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi: Arkadag şaýoly, 26-njy jaý; telefon belgisi – 57-23-11

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäher komiteti: Arkadag şaýoly, 32-nji jaý; telefon belgisi – 57-18-76

Türkmenistandaky ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň sebitde deňi-taýy ýokdur. Ol özboluşly binagärlik we tehnologik çözgütleri esasynda sanly tehnologiýalaryň merkezidir.

Döwrebap ulag-kommunikasiýa ulgamyna eýe bolan Arkadag şäheri ekologiýa taýdan arassalyk babatda hem nusgalyk derejä eýedir. Bu şäher «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşuldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026