HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan KazanForum 2024-e gatnaşmaga taýýarlyk görýär

Aprel 06, 2024 | 10:30 |5821
Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Konsullyk edarasy tarapyndan berildi

Türkmenistan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumyna gatnaşmagy meýilleşdirýär.

Şu ýyl «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» halkara ykdysady forumy 14-15-nji maýynda Kazan şäherinde geçer.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen Yslam hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň we beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak bu forumyň baş maksadydyr.

Bu giň möçberli halkara çäre her ýyl köp ýurtlarda ýokary derejeli myhmanlary, Russiýanyň we musulman ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemleýär hem-de sebitara we döwletara derejesinde bilelikdäki taslamalar üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Forumyň çäklerinde “Russiýa – Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisi, “Russia Halal Expo” halkara ykdysady we ylmy-tehnologiýa hyzmatdaşlyk sergisi, “Kazan Halal Market” halkara söwda ýarmarkasy, söwda-senagat edaralarynyň forumy ýaly birnäçe ähmiýetli çäreler geçirilýär.

Türkmenistan, däp bolşy ýaly, bu halkara foruma ýokary derejede gatnaşýar. 2023-nji ýylda türkmen wekiliýeti KazanForum 2023-e Türkmeistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygynda gatnaşdy. 2022-nji ýylda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

2024-nji ýylda türkmen wekiliýetiniň saparynyň dowamynda Türkmeistanyň önümleriniň sergi meýdançasyny gurnamak, birnäçe resmi we işewürlik duşuşyklaryny geçirmek, möhüm ylalaşyklary baglaşmak göz öňüne tutulýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

Niderlandlaryň Merkezi banky 86 tonna altyny Londona geçirdi

21:59 Sentýabr 05, 2026
“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

“Tesla” Ostin şäherinde “Cybercab” robotaksisini işe girizdi

19:00 Sentýabr 05, 2026
Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

Wengriýada awgust aýy taryhdaky iň yssy aý boldy, Fransiýa rekord derejedäki tomsy başdan geçirdi

17:00 Sentýabr 05, 2026