Habarlar

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygy boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildiTürkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygy boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ýaşlar hyzmatdaşlygy boýunça “tegelek stol” maslahaty geçirildi

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy sanly ulgam arkaly “Hytaý-Türkmenistan ýaşlar köprüsi” atly maslahaty geçirdi. Çärä halkara alşyk we hyzmatdaşlyk boýunça Şençžen gaznasy hem-de BOSFOR jemgyýetçilik guramasy tarapyndan bilelikde guraldy hem-de iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky dostlukly alşyklary höweslendirmäge, gatnaşyklary pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň ösüş depginlerini saklamaga gönükdirildi.