HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Merkezi Aziýanyň fizika we matematika mugallymlary “Akyl güýji” taslamasynyň çäginde täze bilim alyp bilerler

Iýul 24, 2024 | 10:15 |10991
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan fizika we matematika mugallymlary “Akyl güýji” halkara ynsanperwer taslamasynyň çäginde tölegsiz bilim alyp bilerler. Bu barada “Восточный Экспресс24” internet neşiri habar berýär.Merkezi Aziýa ýurtlaryndan fizika we matematika mugallymlary “Akyl güýji” halkara ynsanperwer taslamasynyň çäginde tölegsiz bilim alyp bilerler. Bu barada “Восточный Экспресс24” internet neşiri habar berýär.
Çeşme: sila-uma.com

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan fizika we matematika mugallymlary “Akyl güýji” halkara ynsanperwer taslamasynyň çäginde tölegsiz bilim alyp bilerler. Bu barada “Восточный Экспресс24” internet neşiri habar berýär.

Sapaklar 29-njy iýulda başlar we 72 okuw sagady üçin niýetlenendir. Bu okuw sapagy Russiýanyň öňdebaryjy mugallymlary we W.G Korolenko adyndaky Glazow döwlet inžener-mugallymçylyk uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan geçiriler.

Gatnaşýanlar, öňdebaryjy rus hünärmenleriniň çagalary üçin özboluşly bilim maksatnamasyna we mugallymlar üçin giňişleýin usulyýet gollanmalaryna eýe bolarlar. Şeýle hem meşhur ylym webinarlaryna we ussatlyk sapaklaryna gatnaşarlar.

“Akyl güýji” halkara bilim taslamasy 2022-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň Bilim ministrliginiň goldawy bilen amala aşyrylýar we 12-14 ýaş aralygyndaky çagalar üçin fizika we matematika dersleri boýunça goşmaça sapaklary bermek boýunça maksatnamany öz içine alýar.

Taslama fizika we matematika boýunça amaly endikleri ösdürmäge, mekdep okuwçylarynyň bu dersleri öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Netijede, Russiýa Federasiýasy we maksatnama gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda mekdep fizika we matematika bilimi ulgamynda bitewi ylmy we bilim giňişligini döretmek maksat edinilýär.

Döredilen ýyllaryndan bäri Türkiýeden, Serbiýadan, Mongoliýadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan 1500-den gowrak gatnaşyjy birleşdi.

Maksatnama gatnaşmak üçin şu arzany dolduryp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

Putin bilen Pezeşkian Moskwada duşuşdy

19:30 Oktýabr 28, 2026
Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

Müsür Hytaýdan gelýän syýahatçylary hem goşmak bilen, 100 million syýahatçyny çekmegi maksat edinýär

19:00 Oktýabr 28, 2026
Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

Moskwada Gaz Eksport Ediji Ýurtlaryň Forumynyň 28-nji ministrler duşuşygy açyldy

17:00 Oktýabr 28, 2026