9-10-njy awgustda Astanada geçiriljek Merkezi Aziýa + Ýaponiýa sammitiniň gün tertibine garaldy


Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Merkezi Aziýa + Ýaponiýa dialogynyň ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisine gatnaşdy. Merkezi Aziýa we Ýaponiýa ýurtlarynyň wise-ministrleriniň derejesinde geçirilen bu mejlis çarşenbe güni, 24-nji iýulda wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.
Diplomatlar 9-10-njy awgustda Astanada geçiriljek “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Mejlisde sammitiň gün tertibi, maksatnamalary we işewürler forumynyň meýilnamalary hem-de jemleýji resminamanyň taslamasy düýpli ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky häzirki gatnaşyklar barada hem pikir alyşdylar.
ORIENT news








