HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokiýada «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýul 23, 2024 | 20:05 |11062
Sişenbe güni, 23-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde akkreditlenen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.Sişenbe güni, 23-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde akkreditlenen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Sişenbe güni, 23-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde akkreditlenen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.

Diplomatlar 2024-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» ilkinji Sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejedäki Sammit alty taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm itergi berer.

Merkezi Aziýa geosyýasy ähmiýete eýe sebit we Ýaponiýanyň möhüm hyzmatdaşy, hem-de şu ýyl şeýle formatlaryň ilkinjisi bolan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” Diologyna 20 ýyl bolýar diýip ministr Kamikawa belledi. Ilkinji Dialogyň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýokary derejede ösdürmek üçin taryhy pursat bolup hyzmat etjek bu hyzmatdaşlyga umyt baglaýar, diýip Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

23072024-CA-Japan (2).jpg

"MA +" formaty «Merkezi Aziýa goşmak Ýaponiýa» dilaogy sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin 2004-nji ýylda başlandy. Daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy şol ýylyň awgust aýynda Gazagystanda geçirildi. Aşgabatda, 2017-nji ýylyň maý aýynda ministrleriň altynjy duşuşygy we soňky 9-njy daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolsa, 2022-nji ýylyň dekabrynda Tokioda geçirildi.

Ýaponiýadan soň beýleki möhüm ýurtlar hem Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleri bilen dialogyň bu görnüşini başladylar. “Merkezi Aziýa goşmak” gepleşikleri şol bir ýa-da beýleki görnüşde Koreýa Respublikasy, ABŞ, Russiýa, Hytaý, Hindistan we ÝB tarapyndan hem geçirilýär. 2023-nji ýylda ilkinji Germaniýa-Merkezi Aziýa sammiti geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026