Habarlar

Hazarýaka ýurtlarynyň ýaş liderleri sebitiň täze brendini öňe sürmek üçin ýygnanarlarHazarýaka ýurtlarynyň ýaş liderleri sebitiň täze brendini öňe sürmek üçin ýygnanarlar

Hazarýaka ýurtlarynyň ýaş liderleri sebitiň täze brendini öňe sürmek üçin ýygnanarlar

2-6-njy sentýabr aralygynda Astrahanda geçiriljek “БерегА” okuw maslahatynyň çäklerinde Hazarýaka ýurtlarynyň ýaş liderleriniň duşuşyk tapgyry geçiriler. Astrahan oblastynyň Ýaşlar baradaky agentliginiň habarlar gullugynda habar berilişi ýaly, duşuşyk tapgyryna gatnaşyjylar sebitiň syýahatçylyk we maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar. Hazarýaka sebitiniň ýagdaýynyň täze konsepsiýasy işlenilip taýýarlanylar.

Golestanyň gubernatory: biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada maslahatlaşýarysGolestanyň gubernatory: biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada maslahatlaşýarys

Golestanyň gubernatory: biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada maslahatlaşýarys

Şenbe güni Hökümet hepdeligi mynasybetli geçirilen Habar beriş serişdeleriniň maslahatynda Eýranyň demirgazyk welaýaty Golestanyň gubernatory Inçeburun erkin ykdysady zolagyndan söwda harytlarynyň eksportuna ygtyýarnamanyň berilendigi barada habar berip, şeýle belledi: “Biz Türkmenistan bilen bilelikdäki erkin ykdysady zolagynyň döredilmegi barada geňeşmeleri geçirýäris”.