HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Innowasiýa maýa goýýarys: Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi üçin täze gözýetimleri açýar

Oktýabr 23, 2024 | 17:45 |8747
Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny ösdürmek üçin esasy ugurlary we möhüm taslamalary barada wise-premýer Batyr Amanow “OGT-2024” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýratyn nygtaty.Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny ösdürmek üçin esasy ugurlary we möhüm taslamalary barada wise-premýer Batyr Amanow “OGT-2024” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýratyn nygtaty.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyny ösdürmek üçin esasy ugurlary we möhüm taslamalary barada wise-premýer Batyr Amanow “OGT-2024” atly halkara maslahatynda eden çykyşynda aýratyn nygtaty.

Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda we Hazar deňziniň türkmen böleginde ygtyýarly deňiz toplumlaryny ösdürmekde daşary ýurt maýa goýumlary arkaly hyzmatdaşlygy barada nygtaty. Häzirki mowzuklaryň arasynda – nebit we gaz ylymlary we täze tehnologiýalary ornaşdyrmak tejribesi şol sanda ýerasty gaz saklaýyş desgalaryny gurmak ýaly ugurlarda özara gatnaşyklar bar.

Könelişen nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek we uglewodorod çig mallaryny gaýtadan işlemek pudagynda halkara tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagy hem zerur. Gün tertibinde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalaryny ulanmak bilen seýsmiki gözleg we geologiki işler bar.

Bu ugurlaryň we taslamalaryň hemmesi şu günler Aşgabatda geçirileýän bu ugurdaky halkara maslahaty we oňa bagyşlanan serginde jikme-jik görkezilendir.

23102024-turkmenistan-otkryvaet-novye-gorizonty-tek (3).jpg

“Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek baradaky teklipleriňizi ara alyp maslahatlaşmaga taýyn” – diýip, Daşary ýurtly hyzmatdaşlara ýüzlenip Batyr Amanow aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde wise-premýer Türkmenistanda ekologiýa we howanyň üýtgemegine meselelerine aýratyn ünsi çekdi. Türkmenistan ykdysady işjeňlik bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy tapmaga we gazanmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Şeýle hem, BMG-nyň täze başlangyjy bolan Ählumumy metan borçnamasyny we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça edýän tagallalaryny goldaýar.

“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy halkara maslahaty, Türkmenistanyň ýangyç we energiýa, himiýa, maliýe we bank pudaklarynyň ýolbaşçylaryny, şeýle hem bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine itergi bermek üçin birnäçe gözleg institutlarynyň hünärmenlerini bir ýere ýygnady we uglewodorod önümçilik çeşmeleri, olary gaýtadan işlemek we sarp edijilere ygtybarly eltmek, uglewodorod ýataklaryny ulanmagyň ekologiýa taraplary, daşky gurşawy goramak boýunça halkara talaplary, şeýle hem alternatiw energiýa çeşmeleriniň öndürilmeginiň ähmiýeti barada pikir alyşyldy.

23102024-turkmenistan-otkryvaet-novye-gorizonty-tek (2).jpg

40 töweregi ýurduň wekilleriniň halkara maslahatyna gatnaşmagy bu çäräniň geriminiň ýylsaýyn giňelýändigini we Türkmenistanyň halkara maýadarlary üçin özüne çekijiliginiň artýandygyny görkezýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

ŞHG-niň liderleri mundan beýläk hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Bişkek jarnamasyny kabul etdiler

19:00 Sentýabr 02, 2026
Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi Si Szinpini Kairde garşylady

17:58 Sentýabr 02, 2026
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026