HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy: Durnukly energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk

Oktýabr 22, 2024 | 19:50 |13322
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk geçirildi.Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk geçirildi.
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy bilen ýaşyl energiýa, durnukly energetika we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň sişenbe günündäki habarynda bellenilýär.

Bütindünýä hökümet sammitinde öňe sürülen we Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň çäginde ileri tutulýan garaýyşlarynyň hatarynda görkezilen, ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada Türkmenistanyň başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşigiň mowzuklaryndan biri BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garamak boldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu ugurdaky meseleleri çözmek üçin hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Dario Liguti 23-nji oktýabrda, çarşenbe güni Aşgabatda açylýan “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly XXIX halkara maslahatyna gatnaşýar. Çykyş ediji hökmünde, Türkmenistanda ýaşyl energiýa geçiş we bu ugurda milli mümkinçilikleri döretmek mowzugy boýunça maslahatdan öňki gepleşikleri açar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026