Habarlar

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we ORIENT-iň wekiliýeti Özbegistanda geçiriljek saýlawlara syn ederTürkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we ORIENT-iň wekiliýeti Özbegistanda geçiriljek saýlawlara syn eder

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň we ORIENT-iň wekiliýeti Özbegistanda geçiriljek saýlawlara syn eder

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistana sapar bilen gurady. Bu saparyň esasy maksady, Özbegistanyň Merkezi saýlaw toprynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýewiň çakylygy boýunça, ertir, 27-nji oktýabrda Özbegistanyň Oliý Majlisine geçiriljek saýlawlara syn etmekden ybaratdyr.

Goňşuçylyk gatnaşyklary: noýabr aýynda Türkmenabatda özbek önümleriniň sergisi geçirilerGoňşuçylyk gatnaşyklary: noýabr aýynda Türkmenabatda özbek önümleriniň sergisi geçiriler

Goňşuçylyk gatnaşyklary: noýabr aýynda Türkmenabatda özbek önümleriniň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada anna güni Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabatynda aýdyldy.

Medeni we ykdysady taýdan ýakynlaşma: Gazagystan we Türkmenistan bilelikde abadançylyga tarapMedeni we ykdysady taýdan ýakynlaşma: Gazagystan we Türkmenistan bilelikde abadançylyga tarap

Medeni we ykdysady taýdan ýakynlaşma: Gazagystan we Türkmenistan bilelikde abadançylyga tarap

2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 28% ýokarlandy we ýarym milliard dollardan geçdi. Oňyn ösüş şu ýyl saklanýar diýip, Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçisi Nurlan Nogaýew 25-nji oktýabrda Gazagystanda bellenilýän milli baýramçylyk – Respublikan güni bilen mynasybetli anna güni Türkmenistanyň merkezi metbugatynda çap eden makalasynda belläp geçdi