

Türkmenistanda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar
Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Ýaponiýa döwleti bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde “Ýapon gaznasy” bilen baglaşylan Ähtnama laýyklykda institutda umumybilim edaralary üçin ýapon dili dersi boýunça okuw kitaplaryny we esbaplaryny taýýarlamak işlerini alyp barýan ýaponiýaly hünärmenler Hiroşi Ito we Naruhito Katsu hem-de geljekki iki ýylda bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek maksadyna eýerip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen hanym Yufu Iwainiň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi.




















