HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda görnükli özbek syýasatçysy we diplomaty Abdulaziz Kamilow hormatlandy

Dekabr 11, 2024 | 18:20 |9616
Türkmenistanyň DIM-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň döwlet sylagy bilen sylaglanmagy we diplomata Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildiTürkmenistanyň DIM-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň döwlet sylagy bilen sylaglanmagy we diplomata Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň DIM-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzluk Geňeşiniň Sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň döwlet sylagy bilen sylaglanmagy we diplomata Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.

Çärä diplomatlar, Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary we talyplary, KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýygnananlary mübärekläp, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň iki doganlyk döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini hem-de Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm faktory bolup durýandygyny nygtady. Şu nukdaýnazardan, Abdulaziz Kamilowyň iki halkyň arasyndaky dostlugyň we doganlygyň berkidilmeginde bitiren hyzmatlary we şahsy goşandy barada durlup geçildi.

11122024-v-ashhabade-chestvovali-abdulaziza-kamilova (2).jpg

Soňra daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permanlaryny okady. Resminamalara laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, mili däp-dessurlary ösdürmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny wagyz etmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy, şeýle-de diplomat “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.

Abdulaziz Kamilow dabaraly ýagdaýda gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda däbe öwrülen türkmen donuny we ak telpegi geýýär. Myhmana degişli şahadatnamalar we nyşanlar gowşuryldy diýip, DIM-iň habarynda aýdylýar.

11122024-v-ashhabade-chestvovali-abdulaziza-kamilova (4).jpg

Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Abdulaziz Kamilowyň adyna iberen Gutlagy uly gyzyklanma bilen diňlenildi.

Kamilow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa berlen bu ýokary sylaglar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Diplomat köpasyrlyk dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň iki doganlyk halkyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine we berkidiljekdigine pugta ynam bildirdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026