

Gurbanguly Berdimuhamedow Monakoda “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy


Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako saparynyň çäklerinde “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy


Türkmenistanyň milli parlamentiniň – Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şişenbe güni Kanadanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Kristofer Daggandan (oturýan ýeri Astana şäheri) ynanç hatyny kabul etdi


“Watan goragçylarynyň gününiň” öň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Kerki etrap bölüminiň täze döwrebap edara binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi.


21-nji ýanwarda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.


Donald Tramp ABŞ-niñ 47-nji prezidenti hökmünde duşenbe güni kasam berdi. Wezipä resmi ýagdaýda girişenden soñ, söz berişi ýaly, Donald Tramp köpsanly permanlara gol çekdi.


Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerinden we mugallymlaryndan ybarat wekiliýet Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Işgärleri dolandyrmak edarasynyň çakylygy boýunça Ankara iş saparyny amala aşyrýar. Sapar Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Işgärleri dolandyrmak edarasynyň arasynda Adam serişdesini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde guraldy. Bu Ähtnama 2023-nji ýylda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Ankarada gol çekildi.


19-njy ýanwar agşamsyna Monakodaky Kazino meýdançasynda Ralli boýunça dünýä çempionatynyň 2025-nji ýyl möwsümi dabaraly ýagdaýda başlady. Ýolbaşçylar, hyzmatdaşlar, sürüjiler we şturmanlar 93-nji Ralli Monte-Karlo ýaryşynyň öň ýanynda tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmek hem-de pikir alyşmak üçin ýygnanyşdylar.


Şu gün, 2025-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Belarusda Prezident saýlawlarynda möhletden öňki ses berme başlanýar diýip, BELTA habar berýär.


2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Dawosda (gündogar Şweýsariýadaky şäher) 54-nji Bütindünýä ykdysady forumy (BYF) açylyp, ol 24-nji ýanwara çenli dowam eder. Şu ýyl forumyň mowzugy “Intellektual eýýamda hyzmatdaşlyk” diýlip atlandyrylýar.


2025-nji ýylyň aprel aýynda Pekinde dünýäniň ilkinji ýarym marafony geçirilip, oňa şol bir wagtyň özünde adamlar we adamlaşdyrylan robotlar gatnaşar.


Ýaponiýada «EXPO 2025 Osaka» sergisine işjeň taýýarlyk görülýär. Bu sergi 2025-nji ýylyň 13-nji apreli bilen 13-nji oktýabry aralygynda Ýumesima adasynda geçiriler we çaklamalara görä, 28,2 million myhmany kabul eder


Bütin dünýäniň telekommunikasiýa kompaniýalaryny köne mis simlerden alnan misiň satuwlaryndan möhüm maliýe girdeji garaşýar.


Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Astanada tamamlanan Matematika, fizika we informatika boýunça XXI Halkara Žautykow olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Accelerating English Language Learning in Central Asia (AELLCA) Britan Geňeşiniň taslamasynyň çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda iňlis dili mugallymlary üçin hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça okuwlar başlady.


20-nji ýanwarda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit-himiýa we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.