HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kanadanyň Türkmenistanda akkreditlenen Ilçisi öz işine başlady

Ýanwar 22, 2025 | 10:25 |7565
Türkmenistanyň milli parlamentiniň – Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şişenbe güni Kanadanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Kristofer Daggandan (oturýan ýeri Astana şäheri) ynanç hatyny kabul etdiTürkmenistanyň milli parlamentiniň – Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şişenbe güni Kanadanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Kristofer Daggandan (oturýan ýeri Astana şäheri) ynanç hatyny kabul etdi
Çeşme: mejlis.gov.tm/mfa.gov.tm

Türkmenistanyň milli parlamentiniň – Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şişenbe güni Kanadanyň Türkmenistanda bellenen ilçisi Kristofer Daggandan (oturýan ýeri Astana şäheri) ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçysy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan ilçini wezipä täze bellenmegi bilen gutlap, şeýle hem Türkmenistan bilen Kanadanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Kristofer Daggan öz gezeginde, türkmen döwletiniň ýolbaşçylaryna we ähli türkmen halkyna mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Diplomat Kanadanyň General-gubernatory Meri Meý Saýmonyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen ynanç hatyny gowşurdy, onda Kristofer Dagganyň başarnyklary we yhlasy “öz üstüne ýüklenilen wezipeleri Siziň makullamagyňyza we hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär” diýip, beýan edilýär.

Duşuşygyň dowamynda Dünýägözel Akmuhammedowna Kanadanyň ilçisini Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary şeýle hem milli parlamentiň ýurduň kanunçylygyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy.

Kanadanyň ilçisi, wekilçilik edýän ýurdunyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni gatnaşyklaryň, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek işinde ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

22012025-v-turkmenistane-akkreditovan-glava-dipmissii-kanady (1).jpg

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen ilçi Kristofer Dagganyň arasynda duşuşyk geçirdi. Ilçi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

Tramp polisilikona iň pes import bahalaryny we 15 göterim gümrük pajyny girizdi

22:00 Awgust 08, 2026
Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

Taýlandyň mekdebinde atyşyk: 8 adam öldi, 30-dan gowrak adam ýaralandy

20:30 Awgust 08, 2026
TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

TAZARA — Tanzaniýa-Zambiýa demir ýolunyň ýarym asyry

19:00 Awgust 08, 2026