Habarlar

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrýarTürkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar

Geçen anna güni geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň syýasy, ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça birnäçe amaly teklibi hödürledi. 2025-nji ýylda Aşgabatda Parlamentara gepleşigiň nobatdaky duşuşygy hem-de Merkezi Aziýa we ÝB ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 20-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle-de, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa Komissiýasynyň komissarynyň Türkmenistana sapar etmegine garaşylýar

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmakHalkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

Halkara maliýe derejesini ýokarlandyrmak

17-nji ýanwarda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzyň halkara maliýe derejesini pugtalandyrmak we abraýyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri çözmek üçin ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi