

Türkmenistan we «TRT Avaz» teleýaýlymy hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýär
2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew «TRT Avaz» teleýaýlymynyň başlygy Ýüjel Kylyçkaýa bilen duşuşdy.


2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew «TRT Avaz» teleýaýlymynyň başlygy Ýüjel Kylyçkaýa bilen duşuşdy.


Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul etmek başlandy.


Hytaýyñ Sinszýan-Uýgur awtonom welaýatynda adaty hytaý lukmançylygynda ulanylýan dermanlyk çig-mallary import we eksport etmek üçin täze platforma işe girizildi. Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine salgylanyp, Sinhua agentliginiñ habar bermegine görä, bu başlangyç Sinszýan bilen Merkezi Aziýanyñ ýurtlarynyñ arasyndaky söwda işini añsatlaşdyrmaga, "Bir guşak, bir ýol" başlangyjyñ çäklerindäki hyzmatdaşlygyñ ösmegine itergi bermäge gönükdirilendir.


Alphabet holdingi tarapyndan döredilen Taara kompaniýasy lazer tehnologiýasy arkaly barmasy kyn bolan ýerleri Internet-birikmesi bilen üpjün etmekde täze çemeleşme bolup durýar. Bu kompaniýa "X ýaýraýan tehnologiýalar fabrikasyndan" tapawutlanyp, SpaceX-iñ meşhur Starlink hemra hyzmat ediş ulgamy bilen bäsdeş bolmaklygy maksat edinýär. Bu barada The Financial Times britan gazeti habar berýär.


Halkara Olimpiýa komitetiniñ Ýerine ýetiriji komiteti Los-Anjelesde 14-30-njy iýuly aralygynda geçiriljek 2028-nji ýylyñ XXXIV tomusky Olimpiýa oýunlarynyñ maksatnamasyna sportuň boks görnüşini girizmegi teklip etdi. Bu baradaky karar 2023-nji ýylda döredilen täze World Boxing halkara guramasynyñ ykrar edilmeginiñ netijesi boldy.


17-nji martda, duşenbe güni, Türkmenistanyñ Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryñ dowamynda nebit-himiýa, ýenil senagaty we oba hojalyk önümleri ýerlenildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly möhüm ugurlara garaldy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Prezidenti Gordana Silýanowskaýa-Dawkowa ýurduň Koçani şäherinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.


Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen geçirilen duşuşykdan soň Kataryň “Al Sharq” gazetine beren interwýusynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin birnäçe teklipleri mälim etdi.


Aşgabatda, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy tarapyndan guralan, düýbünden täze Gran-pri küşt ýaryşynyň ilkinji tapgyry başlandy. 17-nji martda badalga alan bu täsin ýaryşa jemi 127 oýunçy gatnaşýar: açyk kategoriýada 83, zenanlar kategoriýasynda bolsa 44 oýunçy bar


Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy Stambulda brifing çäresini gurnady. Bu çäre 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglylykda ýurduň başlangyçlaryny giňden beýan etmäge gönükdirildi


Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň Hyrat welaýatyndaky wekiliniň orunbasary Rahmatulla Faýzanyň Owaganystanyň “AvaPress” habarlar agentligi tarapyndan çap edilen makalasynda Owganystanyň, Eýranyň we Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady diplomatiýanyň geljegi barada üç taraplaýyn ylmy-barlag seminaryny geçirmek teklibi bilen çykyş etdi


17-nji martda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirdi


Beýik Britaniýada ilkinji gezek Aziýanyñ daşynda geçýän kabaddi boýunça Paddy Power Dünýä kubogy badalga aldy. Bu barada Insidethegames.biz onlaýn-neşiri habar berýär.


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýan bilen duşuşyk geçirildi.