

Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar
Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar


Aşgabatda Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar


Gyrgyzystanyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we okuw prosesine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda möhüm ädim hökmünde 2024-nji ýylyň aprelinde GR bilim we ylym ministrligi bilen Google Ireland Limited kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy


ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Lebap welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine baryp gördi. Muzeýiň işgärleri myhmana muzeý sergileri barada gürrüň berdiler. Olar sebitiň häzirki ösüşini we ykdysady ösüşini görkezmek bilen birlikde, onuň taryhyny, medeni mirasyny we tebigy aýratynlyklaryny hem şöhlelendirýär


14-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi


14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar


14-nji fewralda, anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri Batmunhiýn Batsesegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi


Türkmen döwlet maliýe instituty ýokary okuw mekdepleriniñ talyplaryny "Ýaşasyn parahat durmuş!" atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik 2025-nji ýylyñ 29-njy oktýabrynda geçiriler.


Türkiýe türkmenistanly talyplar üçin iñ meşhur ugurlarynyñ biri bolmagynda galýar. 2023-2024-nji okuw ýyllarynda Türkmenistanyñ 29 000 gowrak raýatlary türk bilim edaralarynda bilim aldylar. Munuñ özi iki ýurduñ arasynda bilim alyş-çalyşygyñ ýokary derejesini subut edýär.


Samsung kompaniýasy üç eplenilýän ekranly täze nobatdaky smartfony üçin displeýiñ we gorag örtüginiñ täze görnüşiniñ üstünde işleri alyp barýar. Modeliñ 2025-nji ýylyñ üçünji çärýeginde çykaryljakdygyna garaşylýar.


2025-nji ýylyñ 25-nji fewralynda Ankarada Türkiýäniñ wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyñ hem-de Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary Nökerguly Atagulyýewiñ başlyklyk etmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky türkmen-türk hökümetara toparynyñ 8-nji mejlisi geçiriler.


Garaşsyzlygyny alandan soñra, Türkmenistan möhüm özgertmeleri başdan geçirip, türk gurluşyk kompaniýalary şeýle üytgetmelerde esasy orun eýeledi. Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirokyñ habar bermegine görä, Türkmenistanyñ garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri türk kompaniýalary 50 mlrd dollar möçberinde 1000-den gowrak taslamalary tamamladylar.


2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniñ arasynda söwda dolanyşygynyñ umumy möçberi 2 mlrd 166 mln ABŞ dollaryna barabar boldy. Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok metbugat maslahatynda çykyş etmek bilen, ýurtlaryñ bu görkezijini ep-esli derejede ösdürmek üçin mümkinçiligiñ bardygyna ynam bildirýändikleri barada aýtdy.


"Eni Turkmenistan Limited" kompaniýasy NetApp maglumat saklamak ulgamyny, programma üpjünçiligini we ýazylşyklary satyn alynmagyny göz öñünde tutýan №10117731 bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryñ deslapky kabul edişligi barada habar berýär.


Özbegistanda E-logistika sanly platformasy işe girizilip, ol ýük daşamalar we logistika hyzmatlary üçin bitewi çözgüt bolup durýar. Bu başlangyç ýurduñ ulag-logistika ulgamynyñ has giñ sanly transformasiýa maksatnamasynyñ bir bölegi bolmak bilen, ol bu babatda aýdyñlygy we netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


1-nji martdan başlap Türkmenistan Türkiýä tebigy gazyny geçirip başlar. Bu barada şu günki metbugat maslahatynda Türkmenistandaky Türkiýäniñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.