

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda geçiriljek ýaşlar forumyna işjeň gatnaşar
16-njy aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasynda (Nýu-ýork şäheri) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygy geçiriler


16-njy aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Ştab-kwartirasynda (Nýu-ýork şäheri) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygy geçiriler


Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanyndaky “Sanly çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýetiň binasynda kiberhowpsuzlyk boýunça amalay sapaklar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.


Halkara olimpiýa komiteti (HOK) Fransuz Alplarynda 2030-njy ýylyň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmek hakynda şertnama resmi ýagdaýda gol çekdi.


2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden Hytaýdaky Çendu şäheriniň we Merkezi Aziýanyň arasynda bellenen tertip boýunça ýük otlulary hereket edip başlady. Çenduny Özbegistanyň Daşkent şäheri bilen birleşdirýän bu ugur halkara demir ýol gatnawynda möhüm ädim bolup durýar.


“TurkmenExpo” Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde öz işini halkara derejesinde ösdürmäge, halkara sergilere gatnaşmaga we öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge gyzyklanýan bildirýänleriň hemmesini “Messe Frankfurt”-yň abraýly wekili Ýürgen Werz (Mr Jürgen Werz) tarapyndan “ITSE-2025” atly halkara sergisiniň çäginde 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek eksklýuziw okuw sapagyna çagyrýar


“Türkmenistanda halkara standartlara laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly şygar bilen Aşgabatda geçiriljek “QACIS 2025” maslahatynyň ilkinji plenar mejlisi “Sanly döwürde standartlaryň ähmiýeti” atly tema bagyşlanar


Türkmenistanyň küşt boýunça zenanlar ýygyndysynyň agzalary Jahan Rejepowa we Bägül Ezizowa Gazagystanyň Almaty şäherinde tamamlanan Aziýanyň zolak çempionatynda (Zolak 3.4) degişlilikde 4-nji we 6-njy orunlary eýeläp, baýraklara mynasyp boldular


Anna güni, 11-nji aprelde Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şensi welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Sian şäherinde Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň arasynda sanly ykdysadyýet ugrunda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýaşlaryň bilelikdäki ösüşine ýardam bermek meselelerine bagyşlanan dialog geçirildi diýip, «Sinhua» habarlar agentligi Hytaýyň Kommunistik ýaşlar birleşiginiň Merkezi komitetine salgylanyp habar berýär


Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady


Osakadaky EXPO-2025 Bütindünýä sergisinde iň köp ara alnyp maslahatlaşylýan pawilýonlaryň biri Türkmenistanyň Milli pawiliony boldy. Onuň ssyl bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütlerini milli äheňler bilen utgaşdyryp, ýapon myhmanlarynyň arasynda haýran galdyryjy duýgulary döretdi


11-nji aprelde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Dowletmyrat Seýitmämmedow bilen “LE Khaindrao Production” kompaniýasynyň direktory Georgiý Haindrawanyň arasynda geçirilen duşuşykda iki ýurduň kino sungaty ugrundaky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi we onuň täze görnüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy


11-nji aprelde BMG-niň Baş Assambleýasy BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny Türkmenistanda geçirmek boýunça kararnamany kabul etdi


12-nji aprelde, şenbe güni Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahatda “Kazyýet hakynda” (täze beýany), “1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de biragyzdan kabul edildi


Ikinji Merkezi Aziýa media forumy Astana şäherinde 2025-nji ýylyň 16-njy we 17-nji aprelinde geçer.


Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) 2031-nji ýylyň Aziýa Kubogyny geçirmeklige dalaşgärleriň täzelenen sanawyny mälim etdi. Ozal ýaryşy geçirmek üçin öz arzalaryny Awstraliýa, Indoneziýa, Günorta Koreýa, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri hem-de Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan bilelikdäki arzasyny tabşyrdy. Indi bu sanawa Hindistan hem goşuldy.