HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Turkish Airlines meşhur ugurlar boýunça gatnaw sanyny köpeldýär

Iýun 09, 2025 | 10:30 |4070
Türkiýäniň iň iri howa gatnawy kompaniýasy Turkish Airlines birnäçe halkara ugry boýunça uçuşlaryň sanynyň artdyrylýandygyny habar berdiTürkiýäniň iň iri howa gatnawy kompaniýasy Turkish Airlines birnäçe halkara ugry boýunça uçuşlaryň sanynyň artdyrylýandygyny habar berdi
Çeşme: turkishairlines.com

Türkiýäniň iň iri howa gatnawy kompaniýasy Turkish Airlines birnäçe halkara ugry boýunça uçuşlaryň sanynyň artdyrylýandygyny habar berdi. 9-njy iýundan başlap, Stambul – Lýuksemburg – Stambul ugry boýunça gatnawlaryň sany hepdede 14-e ýetirilýär. Indi ýolagçylar üçin günde iki gezek – irden we gündiz – uçuş elýeterli bolar.

Şeýle hem, 10-njy iýundan başlap, Turkish Airlines Stambul – Taýpeý (Taýwanyñ paýtagty) ugry boýunça hem uçuşlary köpeldýär. Täze tertip boýunça bu ugurda hepdede 12 uçuş amala aşyrylar.

Mundan başga-da, 9-njy iýundan Turkish Airlines Afrikanyň ugurlary boýunça hem gatnaw geografiýasyny giňeldýär. Stambul – Lusaka (Dar-es-Salam arkaly) ugry boýunça gatnawlar täzeden dikeldilip, indi olar hepdede üç gezek amala aşyrylar.

Şeýle-de, 9-njy iýundan Turkish Airlines tarapyndan Mançester ugruna hepdede 28 gatnaw ýerine ýetirilýär. Bu ýolagçylara günde 4 gezek iki tarapa uçmak mümkinçiligini döredýär.

Mundan başga-da, Stambul – Kuala-Lumpur – Sidneý ugry boýunça hem uçuşlaryň ýygylygy artýar. Täze tertipde bu ugurda hepdede 5 gatnaw göz öňünde tutulýar, bu bolsa Türkiýe, Malaýziýa we Awstraliýa arasyndaky howa gatnawlaryny has amatly edýär.

Has giňişleýin maglumat üçin awiakompaniýanyň resmi sahypasyna girmegiňizi maslahat berýäris: https://www.turkishairlines.com/.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026