HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Şanhaýda taryhy mähelläniñ ýerasty toplumynyň gurluşygy üçin robotlaryň kömegi bilen ýeri üýtgetdildi

Iýun 08, 2025 | 11:30 |4475
Şanhaýda 1920–1930-njy ýyllarda gurlan “Huaýanli” taryhy binagärlik toplumynyñ ýerini üýtgetmek boýunça özboluşly taslamasy üstünlikli tamamlandy. Agramy takmynan 7500 tonna bolan we umumy meýdany 4030 inedördül metrden gowrak üç binalaryñ ýerasty toplumynyň gurluşygy üçin wagtlaýyn ýeri üýtgedildiŞanhaýda 1920–1930-njy ýyllarda gurlan “Huaýanli” taryhy binagärlik toplumynyñ ýerini üýtgetmek boýunça özboluşly taslamasy üstünlikli tamamlandy. Agramy takmynan 7500 tonna bolan we umumy meýdany 4030 inedördül metrden gowrak üç binalaryñ ýerasty toplumynyň gurluşygy üçin wagtlaýyn ýeri üýtgedildi
Çeşme: Hytaý teleýaýlymy

Şanhaýda 1920–1930-njy ýyllarda gurlan “Huaýanli” taryhy binagärlik toplumynyñ ýerini üýtgetmek boýunça özboluşly taslamasy üstünlikli tamamlandy. Agramy takmynan 7500 tonna bolan we umumy meýdany 4030 inedördül metrden gowrak üç binalaryñ ýerasty toplumynyň gurluşygy üçin wagtlaýyn ýeri üýtgedildi. Bu barada Hytaýyň “Ženmin Žibao” neşiri habar berdi.

Bu täsin taslama Şanhaý üçin XIX asyryň ikinji ýarymyndan bäri mahsus bolan şikumen stilindäki binalaryň ýerini ùýtgetmek boýunça Hytaýyñ taryhynda iň uly taslamasy boldy. Şikumen jaýlary agaç karkasly we kerpiç diwarly iki ýa-da üç gatly binalardyr. Şäher häkimiýeti ýerasty toplumy gurmak üçin meýdany wagtlaýyn boşatmak, soňra bolsa ýaşaýyş mähellesini öňki ýerine gaýtaryp getirmek kararyna geldi.

1

Bu çylşyrymly wezipäni ýerine ýetirmek üçin hünärmenler 432 roboty peýdalandy. Jaý toplumy bu göterijili enjamlaryň üstüne ýerleşdirilip, binalar günde takmynan 10 metr tizlikde desgalary geçirdiler. Ýerini üýtgetmek boýunça işler 2025-nji ýylyň 19-njy maýynda başlap, 7-nji iýunynda binalaryň öz ýerine gaýtarylmagy bilen doly tamamlandy. Hünärmenler robotlaryň ýagdaýyny we bütin işi hakyky wagt tertibinde yzygiderli gözegçilikde sakladylar, gurluşlaryň deformasiýasynyñ öňüni almak üçin ýüküň deň derejede paýlanyşyny üpjün etdiler.

2

Taryhy mähelläniñ aşagynda umumy meýdany 53 000 inedördül metr bolan köpugurly ýerasty toplumy dörediler. Ol ýerde ýokary derejeli myhmanhanalar, sungat merkezi, konsert meýdançasy we metro ugurlarynyñ arasynda täze geçiriş merkezi ýerleşer diýlip garaşylýar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

Türkmenistanda Alžiriň täze Ilçisi Boumediene Guennad akkreditirlendi

23:50 Iýul 30, 2026
Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

Aşgabatda Hytaýyň Halk azat ediş goşunynyň döredilmeginiň 99 ýyllygy bellenildi

23:42 Iýul 30, 2026
Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

Bilelik gürrüňdeşlik klublary: janly aragatnaşyk ýagdaýynda diller tejribesi

23:16 Iýul 30, 2026