HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bangkokda Heatherwick Studio tarapyndan täsin Hatai myhmanhana toplumy gurular

Iýul 19, 2025 | 17:55 |5476
Britaniýaly Heatherwick Studio binagärlik studiýasy täze Aziýa taslamasyny – Tailandyň paýtagty Bangkokda ýerleşjek Hatai myhmanhana toplumyny hödürlediBritaniýaly Heatherwick Studio binagärlik studiýasy täze Aziýa taslamasyny – Tailandyň paýtagty Bangkokda ýerleşjek Hatai myhmanhana toplumyny hödürledi
Çeşme: Heatherwick Studio

Britaniýaly Heatherwick Studio binagärlik studiýasy täze Aziýa taslamasyny – Tailandyň paýtagty Bangkokda ýerleşjek Hatai myhmanhana toplumyny hödürledi. Bu özboluşly gurluş, adaty kagyz çyrajyklaryny ýatladýan dizaýny bilen köp gatly iki binadan ybarat bolar. Toplumda iki myhmanhana ýerleşer: Six Senses we Narai Hotel.

Taslamanyň maksady – şäheriň gözýetiminde akgynly görnüş döretmekdir. Mundan başga-da, taslamada ýagyşdan goralan, ýaşyl zolakly we suwly uly jemgyýetçilik giňişligi göz öňünde tutulýar. Bu giňişlik, studiýanyň bellemegine görä, «gyzykly we gözlegden doly köçelerde ýaşaýşy höweslendirmäge» gönükdirilendir. Studiýa taslamanyň Tailandyň baý medeni we taryhy mirasy bilen çuňňur baglanyşykda bolmagyny göz öňünde tutýar, sebäbi olaryň pikiriçe, bu häsiýetler Bangkogyň köp sanly häzirki zaman binalarynda ýetmezçilik edýär.

1

Hatai taslamasy Bangkogyň taryhy merkezi bolan Silom etrabynda 10 500 inedördül metrden gowrak meýdany eýelär. Toplumda 300 myhmanhana otagy we giň infrastruktura ýerleşer: baýramçylyk zaly, saglygy dikeldiş merkezi we maslahat zallary. Binalar agşam wagtlary täsirli ýagtylyk bilen ýagtylandyrylar ýaly taslanypdyr.

Iki binanyň aşagynda 5200 inedördül metr meýdany eýeleýän bütewi jemgyýetçilik giňişligi ýerleşer, ol ýerde ýerüsti pyýada geçelgeleri bolar. Binagärler bu ýeri «köpçülikleýin oba» hökmünde göz öňünde tutýarlar. Ol ýerde açyk bazar, çagalar bagy, çäreler üçin meýdança we ýerli ösümlikler bilen bezelen meýdan bolar.

2

Hatai toplumynyň 2028-nji ýylda açylmagyna garaşylýar. Bu taslama, Aziýada Heatherwick Studio tarapyndan durmuşa geçirilen üçünji özboluşly bina bolar. Mundan ozal, 2023-nji ýylda studio Tokioda Azabudai Hills taslamasyny tamamlady, 2025-nji ýylda bolsa Hytaýyň Sian şäherinde agaç görnüşindäki dikligine seýilgäh taslamasyny hödürledi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026