Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Nvidia kompaniýasynyň ýolbaşçysy HHR-de çip satuwlaryny täzeden dikeltmek meýilleri barada aýtdy

Iýul 19, 2025 | 11:20 |3364
Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensi Huang Hytaýyň emeli aň (AI) ulgamyndaky üstünliklerine ýokary baha berdi we olary “ähli dünýäde ösüşiň katalizatory” diýip atlandyrdyNvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensi Huang Hytaýyň emeli aň (AI) ulgamyndaky üstünliklerine ýokary baha berdi we olary “ähli dünýäde ösüşiň katalizatory” diýip atlandyrdy
Çeşme: rbc.ru

Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensi Huang Hytaýyň emeli aň (AI) ulgamyndaky üstünliklerine ýokary baha berdi we olary “ähli dünýäde ösüşiň katalizatory” diýip atlandyrdy, şeýle-de olaryň logistika zynjyrlarynyň “rewolýusion özgermegine” goşýan goşandyny nygtady. Bu çykyşyny ol Pekinde geçirilen Halkara üpjünçilik zynjyrlary forumynda etdi.

Huangyň aýtmagyna görä, hytaý AI modelleri “ýokary derejeli tehnologiýalar” bolup durýar, Hytaýyň özi bolsa “dinamiki” müşderiler bilen möhüm bazar hasaplanylýar. Ol Hytaýyň emeli aňyň ösüşiniň dünýä derejesindäki tehnologik özgerişlere uly goşant goşýandygyny we dürli pudaklar üçin täze mümkinçilikleriň gapysyny açýandygyny aýtdy.

Şu beýanatlardan soň Nvidia kompaniýasy H20 çipleriniň Hytaýa iberilişini täzeden başlamagy meýilleşdirýändigini tassyklady. Munuň öňüsyrasynda ABŞ Hytaýa ýokary tehnologiýaly komponentleriň eksportyna girizen käbir çäklendirmeleri ýeňilleşdirdi. Bu çipler täze eksport düzgünlerine laýyklykda taýýarlanyldy we kompaniýa Hytaý bazaryndaky işini täzeden işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Şol bir wagtda Waşingtondan ABŞ bilen Indoneziýanyň arasynda täze 19% möçberindäki gümrük nyrhy boýunça ylalaşyga gelnendigi baradaky habar hem gelip gowuşdy. Bu ylalaşyk ýurtlaryň ikitaraplaýyn söwdasyna täsir ýetirip biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

Ýerewandaky sammit biodürlüligi goramak boýunça çäreleri tizleşdirmäge çagyrdy

19:00 Oktýabr 19, 2026
Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

Marokkoda ilkinji zenan hökümet baştutanynyň ýolbaşçylygynda täze hökümet bellenildi

17:00 Oktýabr 19, 2026
Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

Singapur serhetüsti tüsse sebäpli çäreleri güýçlendirdi

15:00 Oktýabr 19, 2026