

Türkmen talyplary Özbegistanda geçirilen halkara bäsleşiklerde ýokary netijeleri görkezdiler
25-28-nji ýanwar aralygynda Özbegistanyň Buhara Döwlet Uniwersitetinde talyp ýaşlar üçin uly intellektual bäsleşikler, ýagny BIMO: Halkara Matematika Olimpiadasy-2026 we BIChO-2026: Halkara Himiýa Olimpiadasy geçirildi. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ajaýyp netijeleri görkezip jemi 46 medal (17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç) gazandylar





















