HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Bolgariýanyň Prezidenti CMG-ä beren interwýusynda Hytaýyň döwrebap tehnologiýalar bilen gadymy mirasyň sazlaşykly utgaşmasyna ýokary baha berdi

Fewral 01, 2026 | 21:30 |3813
Çeşme: orient.tm

Bolgariýanyň Konstitusion kazyýeti ozalky Prezident Rumen Radewiň wezipesinden çekilmek baradaky haýyşyny tassyklanyndan soň, 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda wezipesine girişen Bolgariýanyň Prezidenti Iliana Ýotowa Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary özüniň baý gadymy mirasy bilen utgaşdyrmak ugrundaky ajaýyp ukybyna ýokary baha berdi.

Hytaý media toparyna (CMG) beren interwýusynda Iliana Ýotowa 2025-nji ýylda geçirilen Zenanlaryň meseleleri boýunça liderleriň bütindünýä duşuşygyna gatnaşmak üçin golaýda Pekine amala aşyran saparynyň dowamynda özünde galdyran ýakymly duýgularyny paýlaşdy. Ol şol saparynyň dowamynda Gadagan edilen şäher, Beýik Hytaý diwary ýaly tyryhy ýerlere baryp görendigini belledi. Bu interwýu anna güni halk köpçüligine ýetirildi.

«Bilýäňizmi, bu meniň siziň ajaýyp ýurduňyza üçünji saparym. Ilkinji gezek 1995-nji ýylda, göni otuz ýyl mundan ozal, Pekinde geçirilen Zenanlaryň ýagdaýy boýunça dördünji bütindünýä maslahatyna geldim. Şonda men siziň teleýaýlymyňyzyň myhmany boldum we şol döwürden galan mähirli hem-de ýakymly ýatlamalary henizem ýadymda saklaýaryn. Birnäçe ýyl soň men ýene-de Pekine, şeýle hem Uhana we Şanhaýa baryp gördüm. Indi bolsa men bu ýere ýene bir gezek dolanyp geldim. Bir nakyl bar: eger gitmezden öň teňňe taşlasaň, bir gün hökman gaýdyp gelersiň diýilýär. Şonuň üçin bu gün, Bolgariýanyň Sofiýa şäherine dolanmazdan öň, men bu ýerde — Pekinde — bir teňňe taşlap, bu ýurda ýene-de gelmek mümkinçiligim bolar diýip umyt edýärin», — diýip Iliana Ýotowa aýtdy.

«Men siziň şäherleriňiziň we ýurduňyzyň ägirt uly özgerişleri başdan geçirendigini gördüm. Uçardan düşen badyma howanyň we köçeleriň arassalanandygyny görüp haýran galdym. Häzirki wagtda Pekin —baglara bürenen, döwrebap arhitektura bilen bezelen, amatlyklary özünde jemleýän hakykatdan-da haýrana goýýan şäher. Hytaý halkynyň bu derejä ýetmek we şeýle üstünlikleri gazanmak üçin nähilli uly tagallalary edip, zähmet çekendendigini diňe göz öňüne getirip bilýärin», — diýip ol belledi.

«Mundan başga-da, siz öňdebaryjy tehnologiýalar bilen gadymy siwilizasiýanyň arasynda kämil sazlaşygy gazanypsyňyz. Bu ýagdaý Gadagan edilen şäherde-de, Beýik Hytaý diwarynda-da çuňňur duýulýar. Bu ýerlerde adamlar wagt boýunça diýen ýaly syýahat edip, müňýyllyklaryň dowamynda toplanylan paýhasy duýup bilýärler. Şeýle baý siwilizasiýanyň we çuňňur taryhyň bagtly mirasdarlarydygyňyz üçin buýsanyp bilersiňiz. Bu — adamzat üçin hakyky hazynadyr», — diýip Iliana Ýotowa aýtdy.

23-nji ýanwarda Bolgariýa Respublikasynyň Konstitusion kazyýeti Prezident Rumen Radewiň şol hepdäniň dowamynda işinden çekilmek baradaky beren arzyny tassyklady. Bolgariýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, şol wagtky wise-prezident Iliana Ýotowa ygtyýarlylyk möhleti 2027-nji ýylyň ýanwarynda tamamlanýança Prezident wezipesini ýerine ýetirýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026