HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaý we Beýik Britaniýa Pekinde birnäçe ylalaşyklary baglaşdylar

Ýanwar 31, 2026 | 19:49 |4474
Çeşme: orient.tm

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmeriň Hytaýa resmi saparynyň dowamynda, Hytaý bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga we dialogy giňeltmäge gönükdirilen birnäçe hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekdiler.

Premýer-ministr Kir Starmer Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sianyň çakylygy boýunça resmi sapar bilen hepdäniň çarşenbe güni Pekine geldi. Saparyň dowamynda taraplar Hytaý – Beýik Britaniýa ýokary derejeli Howa we Tebigat hyzmatdaşlygyny döretmek barada ylalaşdylar hem-de Hytaý – Beýik Britaniýa howpsuzlyk dialogyny täzeden dikeltmek kararyna geldiler. Şeýle hem şu ýylyň dowamynda Strategik dialog, Ykdysady we maliýe dialogy, Bilelikdäki ykdysady we söwda komitetiniň mejlisi ýaly birnäçe dialoglary dowam etdirmek hem-de kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky gatnaşyklary dikeltmek boýunça esasy ylalaşyklar gazanyldy.

Taraplar Hytaý – Beýik Britaniýa Işewürler Geňeşiniň mejlisini geçirmek we ikitaraplaýyn söwda hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar. Şonuň ýaly-da, Hytaý – Beýik Britaniýa Maliýe iş toparynyň döredilmegi we onuň ilkinji mejlisiniň geçirilmegi makullandy.

Hytaý Beýik Britaniýanyň raýatlary üçin wizasyz syýahat etmeklige bir taraplaýyn rugsat bermek mümkinçiligine seredýär. Mundan başga-da, wiskiniň importy boýunça Hytaý gümrük pajyny 10 göterimden 5 göterime çenli azaltdy.

Bu resmi saparyň netijesinde taraplar ykdysadyýet we söwda, oba hojalygy we azyk howpsuzlygy, medeniýet, bazar gözegçiligi hem-de hukuk goraýjy edaralaryň hyzmatdaşlygy ýaly ugurlary öz içine alýan 12 sany döwletara hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

Russiýa ABŞ-a we dünýä bazaryna nebit hem-de dizel ýangyjyny ibermäge taýýardyr

21:30 Oktýabr 10, 2026
ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

ABŞ Halkara Jenaýat Kazyýetine garşy sanksiýalary girizdi

20:30 Oktýabr 10, 2026
Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

Russiýa Eýran bilen baglanyşykly ýagdaýy düzgünleşdirmäge ýardam bermäge taýýardygyny mälim etdi

19:30 Oktýabr 10, 2026