

Türkmenistan we FAO 2030-njy ýyla çenli niýetlenen täze maksatnamany işe girizýär
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygy täze institusional tapgyra geçýär. Penşenbe güni Türkmenistanyň DIM-de geçirilen brifingde FAO-nyň Baş direktory Sýu Dunýuýyň Aşgabada bolan saparynyň netijeleri jemlenildi we 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Hyzmatdaşlygyň Ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň resmi taýdan işe girizilýändigi tassyklandy





















