Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy Türkmenistanyň hususy pudagyny London Tech Week 2026 çäresine gatnaşmaga çagyrýar

Fewral 05, 2026 | 16:20 |6793
London Tehnologiýalar Hepdeligi 2026 (London Tech Week 2026) 2026-njy ýylyň 8–12-nji iýunynda Londonda geçiriler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýärLondon Tehnologiýalar Hepdeligi 2026 (London Tech Week 2026) 2026-njy ýylyň 8–12-nji iýunynda Londonda geçiriler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär
Çeşme: London Tech Week

London Tehnologiýalar Hepdeligi 2026 (London Tech Week 2026) 2026-njy ýylyň 8–12-nji iýunynda Londonda geçiriler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berýär.

London Tech Week dünýäniň iň iri tehnologiýa çäreleriniň biri bolup, her ýyl dünýäniň öňdebaryjy innowatorlaryny, işewürlik guramalarynyň, döwlet edaralarynyň wekillerini, pudak hünärmenlerini hem-de syýasatçylary bir ýere jemleýär. Forumyň esasy maksatnamasy Olympia London meýdançasynda geçiriler.

Diplomatik wekilhanada Türkmenistanyň sanly transformasiýa we innowasion ösüşe bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny nazara alyp, şeýle çärelere gatnaşmagyň ýurduň döwlet we hususy pudaklarynyň wekilleri üçin aýratyn ähmiýete eýedigini belleýärler. Hususan-da, emeli aňyň ösüşi, maliýe tehnologiýalary, senagaty döwrebaplaşdyrmak, bilimi sanlylaşdyrmak hem-de önümçilik prosesleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly temalaryň ähmiýeti nygtalýar.

London Tech Week 2026 forumynyň çäginde öňdebaryjy tehnologiýa işläp taýýarlamalary we innowasion çözgütler tanyşdyrylar. Çäräniň maksatnamasy halkara tehnologiýa jemgyýetiniň öňdebaryjy wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek esasy çykyşlary, interaktiw seminarlary we bölümçe maslahatlaşmalaryny öz içine alýar.

Forum hünär taýdan pikir alyşmak, tejribe paýlaşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de startaplardan başlap iri korporasiýalara çenli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.

Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy London Tech Week çäresine gatnaşmagyň Türkmenistanyň tehnologiýa hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de innowasion ösüş babatynda milli ileri tutulýan ugurlary goldamaga ýardam edip biljekdigini belleýär.

Goşmaça maglumatlar aşakdaky salgydan elýeterlidir: https://londontechweek.com/

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

Şahrisabzda V Halkara ýaşlar ekologiýa gurultaýy geçirildi

23:55 Awgust 14, 2026
AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

AGROEXPO 2027 22-nji Halkara oba hojalyk sergisi Izmir şäherinde geçiriler

23:50 Awgust 14, 2026
Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

Türkiýäniň ýodalary: dag gerişlerinden uç-gyraksyz duzlyklara çenli

23:45 Awgust 14, 2026