HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly hünärmenler Londonda geçiriljek Emeli aň sammitine gatnaşmaga çagyrylýar

Fewral 05, 2026 | 16:30 |7356
Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň paýtagtynda London tehnologiýalar hepdeligi bilen bir wagtda geçiriljek Emeli aň sammit 2026 barada habar berýärBeýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň paýtagtynda London tehnologiýalar hepdeligi bilen bir wagtda geçiriljek Emeli aň sammit 2026 barada habar berýär
Çeşme: Açyk çeşmeler

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň paýtagtynda London tehnologiýalar hepdeligi bilen bir wagtda geçiriljek Emeli aň sammit 2026 barada habar berýär. Çäre 2026-njy ýylyň 10–11-nji iýunynda geçiriler.

Sammit döwlet dolandyryşynda, senagatda we jemgyýetçilik ulgamynda emeli aňyň öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryny we amaly ulanylyşyny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdança bolar. Çäräniň dowamynda emeli aň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, pudagyň düzgünleşdirilmegi, şeýle hem olaryň ykdysadyýete we durmuş taýdan ösüşine ýetirýän täsiri bilen baglanyşykly meselelere seredilip geçiler.

Ilçihananyň bellemegine görä, Beýik Britaniýa dünýä emeli aň senagatynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Ýurt ABŞ-dan we Hytaýdan soň dünýäde üçünji iň uly emeli aň bazary bolup durýar. 2024-nji ýylyň jemlerine görä, Beýik Britaniýanyň emeli aň pudagynyň möçberi 92 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, bu görkeziji Ýewropadaky beýleki ähli ýurtlaryňkydan ýokarydyr.

Häzirki wagtda Beýik Britaniýada emeli aň ugrunda işleýän 3700-den gowrak kompaniýa hereket edýär we bu pudakda 60 müňden gowrak hünärmen zähmet çekýär. Pudagyň ýurduň ykdysadyýetine goşýan goşandy takmynan 3,7 milliard funt sterlinge barabar bolup, britan tehnologik kompaniýalarynyň umumy bazar gymmaty 1 trillion ABŞ dollaryna ýetdi. Bu ýagdaý Beýik Britaniýanyň ýokary tehnologiýalar ulgamynda dünýä liderleriniň biri hökmündäki ornuny tassyklaýar.

Nygtalyşy ýaly, Emeli aň sammitiň geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet we hususy edaralary üçin sanly özgerdilişi ösdürmek we innowasion çözgütleri ornaşdyrmak babatynda uly gyzyklanma döredýär.

Goşmaça maglumatlar aşakdaky salgydan elýeterlidir: https://london.theaisummit.com/

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

Yrak Türkiýe bilen Jeýhan portuna nebit geçirilişi boýunça bir ýyllyk ylalaşyga gol çekdi

23:55 Awgust 02, 2026
Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

Ýewropa Bileleşigi Seutada (Ispaniýa) migrantlaryň köpçülikleýin gelmegi sebäpli gyssagly maslahat geçirýär

23:35 Awgust 02, 2026
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026