HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy ýylyň şygary we Garaşsyzlygyň ýubileý ýylyna badalga berilmegi mynasybetli çäre geçirdi

Fewral 05, 2026 | 19:20 |7187
4-nji fewralda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň we diaspora wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň şygary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany», şeýle hem şu ýylda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaraly çärelerine badalga berilmegi mynasybetli çäre geçirildi4-nji fewralda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň we diaspora wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň şygary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany», şeýle hem şu ýylda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaraly çärelerine badalga berilmegi mynasybetli çäre geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy

4-nji fewralda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda türkmen ýaşlarynyň, talyplarynyň we diaspora wekilleriniň gatnaşmagynda 2026-njy ýylyň şygary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany», şeýle hem şu ýylda bellenilýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň dabaraly çärelerine badalga berilmegi mynasybetli çäre geçirildi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Ataýew çäräni açyp, öz çykyşynda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň diňe bir ýubileý senesi bolman, eýsem, ýurduň geçen ýoluna, gazanylan netijelere we geljekki ösüşiň strategik maksatlaryna çuňňur baha bermek üçin möhüm tapgyrdygyny nygtady.

мероприятие посольства в Украине

Çykyşda 2026-njy ýylyň şygarynyň nyşanyna hem-de onuň Türkmenistanyň taryhy we häzirki döwri bilen çuň baglanyşygyna aýratyn üns berildi. Türkmen halkynyň milli baýlygy we medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan ahalteke bedewleri maksada okgunlylygyň, asyllylygyň, ruhubelentligiň we öňe hereketiň nyşany hökmünde görkezildi. Bu häsiýetler Garaşsyz Türkmenistanyň geçen ýoluny doly beýan edýär.

Garaşsyzlyk milli medeniýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine, taryhy mirasyň goralmagyna we däp bolan atçylyk sungatynyň täzeden galkynmagyna şertleri döretdi. Bu ugurda ahalteke bedewleri türkmen halkynyň ruhy gymmatlygynyň, hem-de dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde aýratyn orun eýeleýär. Hut şonuň üçin hem 2023-nji ýylda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

мероприятие посольства Туркменистана в Украине

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, ahalteke bedewleriniň gözelligine, olaryň milli medeniýetdäki we döwlet nyşanlaryndaky ornuna bagyşlanan tematik surat sergisine tomaşa edildi. Ekspozisiýa Watanymyzyň taryhy miras bilen häzirki zaman ösüşiniň aýrylmaz baglanyşygyny aýdyň görkezmäge mümkinçilik berdi.

Çärede 2026-njy ýylyň şygarynyň Garaşsyzlygyň şanly ýubileýi bilen baglanyşykly dabaralandyrylmagynyň Türkmenistanyň taryhy däpleri bilen häzirki zaman ösüşiniň sazlaşygyny aýdyň görkezýändigi, ahalteke ganatly bedewleriň keşbiniň bolsa ýurduň täze üstünliklere, ösüşe we abadançylyga tarap ynamly öňe hereketiniň aýdyň nyşany bolup durýandygy bellenildi.

мероприятие посольства в честь года и независимости

Geçirilen çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň ähmiýetine has çuň düşünmegiň, ýaşlaryň we diaspora wekilleriniň arasynda milli buýsanjyň ýaýbaňlandyrylmagynyň, şeýle hem nesilleriň dowamatynyň we ýurduň geljekki ösüşi üçin jogapkärçiligiň artdyrylmagynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary: Türkmenistanda döwrebap ylmy edebiýatlaryň tapgyry neşir edildi

15:37 Iýun 22, 2026
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026