

Türkmenistanda bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň festiwaly geçirildi
Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň başlangyjy bilen bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalaryň festiwaly geçirildi. Çärede bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy, STEM-usulyýetiniň ösdürilmegi hem-de maglumatlaryň goralmagy ýaly esasy ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Festiwala mugallymlar, talyplar we işewürlik ulgamynyň wekilleri gatnaşdy



















