HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Remezan aýy mynasybetli agyz açary gurady

Fewral 27, 2026 | 21:15 |6872
Çäräniň myhmanlarynyň arasynda ilçiler, şeýle hem Türkmenistanyň Müftüsi, işewürler toparlaryň, gazak diasporasynyň we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri barÇäräniň myhmanlarynyň arasynda ilçiler, şeýle hem Türkmenistanyň Müftüsi, işewürler toparlaryň, gazak diasporasynyň we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar
Çeşme: orient.tm

Şu gün, 27-nji fewralda, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy mukaddes Remezan aýy mynasybetli agyz açar naharyny gurady.

Çäräniň myhmanlarynyň arasynda ilçiler, şeýle hem Türkmenistanyň Müftüsi, işewürler toparlaryň, gazak diasporasynyň we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Gazagystanyň Türkmenistandaky Ilçisi Nurlan Nogaýew myhmanlary mukaddes Remezan aýy bilen gutlap, bu aýyň ruhy ähmiýetini belledi we gatnaşyjylara parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk baradaky ak ýürekden arzuwlaryny beýan etdi.

«Dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes we gymmatly bolan Remezan aýy gelip ýetdi. Ine, eýýäm şu gün biz onuň 10-njy gününi belleýäris. Beýik Alla öz niýetlerini, arzuw-dileglerini beýan eden musulman halkynyň doga-dileglerini kabul etsin. Gazagystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guralan agyz açar çäresine Türkmenistanda ýerleşýän ilçihanalaryň hünärmenleri we işgärleri, ilçiler, ýerli raýatlar hem-de beýleki dini jemgyýetleriň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäräniň çäklerinde biz özara hoşniýetli arzuwlarymyz bilen paýlaşdyk we niýetlerimizi beýan etdik.

Goý, Beýik Alla ýurtlarymyza parahatçylyk we asudalyk bersin. Biz ýurtlarymyzyň gülläp ösmegi üçin, Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky, sebitdäki we tutuş dünýädäki doganlyk hem-de dostlukly gatnaşyklaryň sagdyn bolmagy üçin bir ýere jemlendik.

Goý, ýüreklärimiz biri-birine elmydama açyk bolsun, janymyz sag, durmuşyz — abadan, agzybirligimiz bolsa ebedi bolsun. Döwlet Baştutanlarymyz tarapyndan ýurtlarymyzyň arasynda gurlan “altyn köprüleri” berkitmäge, halklarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmaga, medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy, dilimizi, ruhy dünýämizi we mukaddes dinimizi gorap saklamaga gönükdirilen niýetlerimiz kabul bolsun.

Biz gelen ähli raýatlara iň mähirli duýgularymyzy beýan edýäris, goý, siziň ähli arzuw-dilegleriňiz kabul bolsun. Biz Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylaryna — hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlarymyzy beýan etýäris. Goý, Türkmenistanyň dünýä taryhyndaky orny berk, geljegi bolsa aýdyň bolsun. Türkmen halkynyň bagtly durmuşy dowamat dowam bolsun, ömürleri bolsa uzak bolsun. Beýik Alla hemmeleri öz penasynda saklasyn» — diýip, Ilçi aýtdy.

Agyz açar naharyny guramak däbi ilçihana tarapyndan birnäçe ýylyň dowamynda saklanyp gelýär. Şeýle görnüşli duşuşyklar ynsanperwer gatnaşyklaryň berkemegine ýardam edýär we gazak diplomatlarynyň ýerli metbugat wekilleri bilen resmi däl ýagdaýda söhbetdeş bolmagy üçin meýdançany döredýär.

Çäre Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ruhuny şöhlelendirip, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýynda geçdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026