Habarlar

Geljek hepde Türkmenistanda gurak we sowuk howa bolarGeljek hepde Türkmenistanda gurak we sowuk howa bolar

Geljek hepde Türkmenistanda gurak we sowuk howa bolar

Dekabr aýy hoşlaşýanyna gynanýan güýzüň ymykly giderine sypaýyçylyk bilen garaşyp, dessine özüniň gelendigini ýaňzytmak üçin ýeňiljek gar sepeläp, ýaşyl gazonlary, ýere tänip düşen ýapraklary we sosna şahalaryny ýukajyk ak ýapynja bilen örtdi. Gyşyň geleni mälim edildi, ýöne indiki hepde howanyň nähili boljakdygyny diňe indiki hepde bileris, sebäbi dürli howa-saýtlary dürli-dürli çaklamalary berýärler.

Türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8 esse artdy, gün tertibinde: ýük akymlaryny giňeltmekTürkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8 esse artdy, gün tertibinde: ýük akymlaryny giňeltmek

Türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8 esse artdy, gün tertibinde: ýük akymlaryny giňeltmek

2022-nji ýylyň 9 aýynda Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,3 esse artdy. Şol bir wagtyň özünde, rumyn önümleriniň türkmen bazaryna importy 6,4 esse, türkmen harytlarynyň Rumyniýa eksporty 8,2 esse artdy. Şeýle maglumatlar 1-nji dekabr, penşenbe güni Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli geçirilen kabul edişlikde eden çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Transport we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan berildi.

GDA ýurtlarynda sanlylaşdyrmak - Sankt-Peterburgda geçýän maslahatyň mowzugyGDA ýurtlarynda sanlylaşdyrmak - Sankt-Peterburgda geçýän maslahatyň mowzugy

GDA ýurtlarynda sanlylaşdyrmak - Sankt-Peterburgda geçýän maslahatyň mowzugy

GDA ýurtlarynda sanlylaşdyrmagy döwletleriň ykdysady we syýasy ösüşiniň esasyny düzýän hukuk namalaryny kadalaşdyrmakdan başlamaly. Bu mowzuk 2-nji dekabrda Sankt-Peterburgda Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentara assambleýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşyjylar tarapyndan ara alnyp maslahatlaşyldy – diýlip, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň internet saýtynda habar berilýär.

Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşarRus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar

Rus demirýollarynyň hünärmenlerinden ybarat wekiliýet türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny maslahatlaşar

Türkmenistan we Russiýa demir ýol düzümlerini ösdürmegiň üstünde işleýärler, rus kompaniýalarynyň bolsa türkmen demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy üçin uly mümkinçiligi bar diýip, anna güni RF-niň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow TASS-yň habarçysy bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy.