BSGG-y köpçülik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmak baradaky ozalky maslahatlaryny täzeledi


Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy lukmançylyk agyz-burun goraýjy örtüklerini dakynmak baradaky COVID-19 bejeriş usullary we kömek etmek baradaky ozalky maslahatlaryny täzeledi – diýip, guramanyň resmi saýty habar berýär.
Üýtgetmeleri girizmek baradaky karar ýolbaşçylyk ýörelgelerini işläp düzmek boýunça toparlaryň wajyp maglumatlary seljermegiň netijeleriniň esasynda kabul edildi.
Täzelenen maslahatlara laýyklykda COVID-19 bilen kesellän ýa-da keselli diýlip şübhelenýän adam bilen gatnaşykdan soň, adamlaryň köp toplanan ýerlerinde, şeýle hem ýapyk ýa-da erbet ýelejiredilýän jaýlarda agyz-burun örtügini dakmak maslahat berilýär.
Täzelenmeler şeýle hem COVID-19 bilen kesellän hassalaryň aýry tutulmak döwrüne hem degişlidir. Şeýlelikde, eger-de COVID-19 bilen kesellän hassanyň antigenlere bolan testi tersin çykanda, onuň aýry tutulmak kadasy bes edilip bilner.
Test tabşyrmadyk hassada alamatlar ýüze çykarylanda, alamatlaryň döräp başlan gününden başlap 10 gün aýry tutulmagy täze maslahatlarda göz öňünde tutulýar. Öň 10 gün aýry tutulmaga alamatlar ýok bolandan soňraky azyndan üç gün hem goşulýardy.
BSGG-y şeýle hem nirmatrelwir-ritonawiriň (şeýle hem Pakslowid söwda nyşany bilen belli bolan) ulanylyşy boýunça maslahatlary üýtgetdi. Indi COVID-19 ýeňil görnüşde geçirýän göwreli zenanlar we emdirýän enelere bu dermany lukmanyň görkezmesi bilen kabul etmek maslahat berilýär.
BSGG-y COVID-19 bejermek üçin sotrowimab we kasiriwimab-imdewimab derman serişdelerini öňkisi ýaly düýbünden ulanmazlygy maslahat berýär.
ORIENT habarlar








