HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da fewralyň başyndan bäri 4 sany bilinmedik uçýan obýekti urup ýykdylar

Fewral 14, 2023 | 15:15 |5518
Amerikanyň harbylary fewralyň başyndan bäri 4 sany bilinmedik uçýan obýekti urup ýykdylar. Olaryň hersiniň formasy dürli-dürli. Pentagon olar harby howpy döredýär diýip hasap edenok, ýöne olary anyklaýyş maksatlary üçin ulanýan bolmaklaryny çaklaýar. Şeýle hem amerikanlar ol obýektleriň ýerden däl bolmagyny hem çaklaýarlar – diýip, BBC News habar berýär.Amerikanyň harbylary fewralyň başyndan bäri 4 sany bilinmedik uçýan obýekti urup ýykdylar. Olaryň hersiniň formasy dürli-dürli. Pentagon olar harby howpy döredýär diýip hasap edenok, ýöne olary anyklaýyş maksatlary üçin ulanýan bolmaklaryny çaklaýar. Şeýle hem amerikanlar ol obýektleriň ýerden däl bolmagyny hem çaklaýarlar – diýip, BBC News habar berýär.
Çeşme: kz.kursiv.media

Amerikanyň harbylary fewralyň başyndan bäri 4 sany bilinmedik uçýan obýekti urup ýykdylar. Olaryň hersiniň formasy dürli-dürli. Pentagon olar harby howpy döredýär diýip hasap edenok, ýöne olary anyklaýyş maksatlary üçin ulanýan bolmaklaryny çaklaýar. Şeýle hem amerikanlar ol obýektleriň ýerden däl bolmagyny hem çaklaýarlar – diýip, BBC News habar berýär.

Birinji obýekti ABŞ-nyň harbylary 4-nji fewralda urup ýykdylar, ony Hytaýdan ugradylan anyklaýyş şary diýip çakladylar, ýöne ony HHR-y kabul edenok. Bu obýektiň jisiminiň howa şary görnüşi bolup, ol birnäçe günüň dowamynda Günorta Karolinanyň kenarlarynda uçup gezdi, şol ýerde hem ony urup ýykdylar.

Indiki bilinmedik obýekt 10-njy fewralda Alýaskanyň demirgazyk böleginiň golaýynda urlup ýykyldy. Resmileriň sözlerine görä, onuň hereketlendirijisi ýa-da dolandyryş ulgamy ýokdy.

Soňra amerikan istrebiteli öňkilerden ölçegi kiçi bolan silindr şekilli, Kanadanyň howa giňişliginde, Ýukonyň üstünde ABŞ-nyň araçäginden ortaça 160 km uzaklykda gaty ýokary belentlikdäki obýekti urup ýykdy.

Iň soňky obýekt harbylar tarapyndan 12-nji fewralda Guron kölüniň ýanynda, Kanada bilen araçäkden uzak bolmadyk ýerde urlup ýykyldy. Onuň sekizburçluk şekili bardy we ol 1600 metr belentlikde ýerleşip, täjirçilik uçarlary üçin uly howp salýardy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

Güýçli ýagyşlar Stambulda suw joşgunyna sebäp boldy

00:15 Oktýabr 16, 2026
Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

Bakuda Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiniň ýedinji sammiti geçiriler

00:13 Oktýabr 16, 2026
Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

Güýz sowuk howa geçmäge howlukmaýar: Türkmenistanda howanyň temperaturasy +32° çenli ýokarlanar

23:40 Oktýabr 15, 2026