HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen futbolçysy Litwanyň kluby bilen şertnama baglaşdy

Fewral 27, 2023 | 16:06 |6769
Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musaskaýa Litwanyň futbol çempionatynyň A ligasynda çykyş edýän «Žalgiris» kluby bilen şertnama baglaşdy.Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musaskaýa Litwanyň futbol çempionatynyň A ligasynda çykyş edýän «Žalgiris» kluby bilen şertnama baglaşdy.
Çeşme: facebook.com / @mfazalgiris

Türkmenistanyň ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musaskaýa Litwanyň futbol çempionatynyň A ligasynda çykyş edýän «Žalgiris» kluby bilen şertnama baglaşdy.

Futbolçy zenanyň agentiniň habar bermegine görä, Musaskaýa bu topara erkin agent hukuklarynda geçer. Şertnamanyň möhleti häzirki möwsüm gutarandan soňtamamlanýar.

Türkmen futbolçysynyň eýýäm klubyň düzüminde ilkinji oýnuny geçirip ýetişendigini belläp geçmelidiris.

Musaskaýa meýdançada, esasan-da, «Wilnýusyň»garşysyna oýnalan oýunda (1:2) Litwanyň zenanlar futbol birleşmesiniň (LMFA) Gyşky kubogynyň çäklerinde peýda boldy. Litwanyň klubynda ol 80-nji belgi bilen oýnaýar.

Türkmenistanlynyň öňki kluby türkleriň «Dudully spor» klubydy, ol ony 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň aýagynda terk etdi. Stambul kluby üçin futbolçy 2022-nji ýylyň sentýabryndan bäri çykyş edipdi.

Maýa Musaskaýa – daşary ýurtda çykyş edýän Türkmenistandan bolan ilkinji zenan futbolçydyr. Ol 2000-nji ýylda doglan. Ol «Altyn täç» futbol klubynyň terbiýelän türgenidir. Ol Aşgabadyň futbol we futzal toparlarynyň hatarynda çykyş edipdi. Ol 2016-njy ýylda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynda hem çykyş etdi.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026