Habarlar

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlana halkara sergisi geçirilýärAşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlana halkara sergisi geçirilýär

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamyna bagyşlana halkara sergisi geçirilýär

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady. 12-nji oktýabra çenli dowam etjek bu sergi öňdebaryjy tehnologiýalary görkezmek we tejribe alyşmak maksady bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini, halkara bilermenleri hem-de degişli pudak edaralarynyň hünärmenlerini bir meýdançada jemledi