HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

Oktýabr 12, 2026 | 17:41 |1384
Türkmen döwlet uniwersiteti we Eýranyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi bilelikdäki ylmy barlaglary we akademiki alyş-çalyşlary ösdürmek barada ylalaşdylarTürkmen döwlet uniwersiteti we Eýranyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdebi bilelikdäki ylmy barlaglary we akademiki alyş-çalyşlary ösdürmek barada ylalaşdylar
Çeşme: orient.tm

10-njy oktýabrda Aşgabatda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş, bilim we sport» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty açyldy. Forumyň ilkinji gününiň esasy wakasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Eýranyň Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi boldy.

ТГУ и Иранский вуз подписали меморандум 1

Resminama Magtymguly adyndaky TDU-nyň rektory Orazgeldi Öwezsähedow we Firdöwsi adyndaky uniwersitetiň rektory Abdulreza Jawan Jafari Bojnordi gol çekdiler. Dabaraly çärä Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani hem-de medeniýet boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi gatnaşdylar.

ТГУ и Иранский вуз подписали меморандум 2

Täze ylalaşyk bilelikdäki ylmy barlaglary, akademiki alyş-çalyşlary we usulyýet taslamalaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Taraplar Türkmenistandaky ýokary okuw mekdeplerinde pars diliniň we edebiýatynyň okadylyşyny kämilleşdirmäge aýratyn üns bererler.

ТГУ и Иранский вуз подписали меморандум 3

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ekspozisiýa alymlary, lukmanlary, mugallymlary, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Eýranyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň biri bolan Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň halkara gatnaşyklaryny giňeltmäge, talyplar we ýaş alymlar üçin täze mümkinçilikleri döretmäge ýardam berer.

ORIENT

Mowzuk boýunça:

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamynda halkara sergisi geçirilýär

Aşgabatda Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň bilim mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Saglygyň we ýokary tehnologiýalaryň giňişligi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

TDU we Firdöwsi adyndaky Maşat uniwersiteti hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler

17:41 Oktýabr 12, 2026
Türkmenistanda küşt boýunça 2026-njy ýylyň çempionatynyň II ligasy tamamlandy

Türkmenistanda küşt boýunça 2026-njy ýylyň çempionatynyň II ligasy tamamlandy

17:04 Oktýabr 12, 2026
Jibutiniň kenarynda gämi heläkçiliginde azyndan 139 migrant aradan çykdy

Jibutiniň kenarynda gämi heläkçiliginde azyndan 139 migrant aradan çykdy

15:00 Oktýabr 12, 2026