Habarlar

22-nji martda Moskwada «Remezan çadyry» açylýar22-nji martda Moskwada «Remezan çadyry» açylýar

22-nji martda Moskwada «Remezan çadyry» açylýar

22-nji martda Moskwada 18-nji «Remezan Çadyry» açylýar. Bu ýyl Moskwanyň musulmanlarynyň Dini Müdirligi tarapyndan her ýylky geçirilýän medeni-haýyr-sahawat taslamasy «Halypalyk. Ýagşy görelde bol» şygary astynda geçer. 2023-nji ýylyň «Remezan Çadyrynyň» maksatnamasy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň kararyna laýyklykda bu ýylyň Mugallymyň we halypanyň ýyly diýlip yglan edilmegini göz öňüne tutup düzüldi.

Çawusoglu Hazardan TANAP-yň üsti bilen goşmaça mukdarda gaz üpjünçiligi barada aýtdyÇawusoglu Hazardan TANAP-yň üsti bilen goşmaça mukdarda gaz üpjünçiligi barada aýtdy

Çawusoglu Hazardan TANAP-yň üsti bilen goşmaça mukdarda gaz üpjünçiligi barada aýtdy

«Biz TANAP-yň (Trans-Anadoly gaz turbageçirijisi) Hazar sebitinden goşmaça tebigy gazy halkara bazaryna çykaryp biler ýaly hyzmatdaşlygy giňeltmeli», –diýip Ankarada geçirlen Türk döwletleri guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlut Çawusoglu aýtdy. Ol: «Biziň umumy maksadymyz bolmaly», – diýdi. Bu barada Haber Global habar berilýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda eksport harytlaryny resmileşdirmek düzgünleriniň ýönekeýleşdirilendigini gürrüň berdilerTürkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda eksport harytlaryny resmileşdirmek düzgünleriniň ýönekeýleşdirilendigini gürrüň berdiler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda eksport harytlaryny resmileşdirmek düzgünleriniň ýönekeýleşdirilendigini gürrüň berdiler

Eksporta ugradylýan harytlary resmileşdirmekde gümrük düzgünleriniň ýönekeýleşdirilmegi we eksporta goldaw bermek Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleriniň ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşygynyň esasy temasy boldy. Bu barada gümrük edarasynyň saýty habar berýär.