HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

22-nji martda Moskwada «Remezan çadyry» açylýar

Mart 16, 2023 | 15:56 |9295
22-nji martda Moskwada 18-nji «Remezan Çadyry» açylýar. Bu ýyl Moskwanyň musulmanlarynyň Dini Müdirligi tarapyndan her ýylky geçirilýän medeni-haýyr-sahawat taslamasy «Halypalyk. Ýagşy görelde bol» şygary astynda geçer. 2023-nji ýylyň «Remezan Çadyrynyň» maksatnamasy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň kararyna laýyklykda bu ýylyň Mugallymyň we halypanyň ýyly diýlip yglan edilmegini göz öňüne tutup düzüldi.22-nji martda Moskwada 18-nji «Remezan Çadyry» açylýar. Bu ýyl Moskwanyň musulmanlarynyň Dini Müdirligi tarapyndan her ýylky geçirilýän medeni-haýyr-sahawat taslamasy «Halypalyk. Ýagşy görelde bol» şygary astynda geçer. 2023-nji ýylyň «Remezan Çadyrynyň» maksatnamasy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň kararyna laýyklykda bu ýylyň Mugallymyň we halypanyň ýyly diýlip yglan edilmegini göz öňüne tutup düzüldi.
Çeşme: shater-ramadana.ru

22-nji martda Moskwada 18-nji «Remezan Çadyry» açylýar. Bu ýyl Moskwanyň musulmanlarynyň Dini Müdirligi tarapyndan her ýylky geçirilýän medeni-haýyr-sahawat taslamasy «Halypalyk. Ýagşy görelde bol» şygary astynda geçer. 2023-nji ýylyň «Remezan Çadyrynyň» maksatnamasy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň kararyna laýyklykda bu ýylyň Mugallymyň we halypanyň ýyly diýlip yglan edilmegini göz öňüne tutup düzüldi.

Taslamanyň bu ýyldaky aýratynlygy Memorial Metjidiň öňündaki meýdançada 22-23-nji aprelde geçjek WANDI Bazar Eid Festival çäresi bolar. Meýdançada birnäçe tematiki zolaklar – söwda zolagy, tagam iýmek çäkleri, surata düşülýän zolak we çagalar meýdançasy bolar.

Bir aýlap dowam etjek çäräniň barşynda Çadyra 45 müň myhmanyň gelip görmegine garaşylýar. Olaryň arasynda – RF-nyň prezidentiniň administrasiýasynyň wekilleri, Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň agzalary, dürli ýurtlardan hormatly myhmanlar, şol sanda GDA ýurtlaryndan, ylmy intelligensiýanyň wekilleri, işewürlik düzümler, türgenler bolar. Çäreden göni alnyp görkezilişi Moskwanyň musulmanlarynyň Dini Müdirliginiň YouTube-kanalynda tomaşa edip bolýar.

Çadyr 23-nji aprele çenli açyk bolar.

Taslama hakynda jikme-jik maglumatlar bilen onuň resmi saýtyndan görüp tanşyp bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly forumy Aşgabatda dünýä energetika bazarynyň wekillerini we bilermenlerini jemleýär

23:37 Oktýabr 17, 2026
Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýerewandaky COP17 sammitine gatnaşdy

23:30 Oktýabr 17, 2026
Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

Serdar Berdimuhamedow Bakudaky sammitde Türkmenistanyň ählumumy başlangyçlaryny Aziýanyň gün tertibine girizmegi teklip etdi

23:24 Oktýabr 17, 2026