

Braziliýada Peläniň ady "ajaýyp" sözüniň sinonimi bolup biler
Rowaýata öwrülen futbolçynyň adyny Portugaliýanyň sözlügine goşmak we ony "beýik", "deňi-taýy bolmadyk", "ajaýyp" we "özboluşly üýtgeşik" sözleri bilen manydaş etmek isleýärler. Braziliýada şeýle başlangyç öňe sürüldi – diýip, Ispaniýanyň EFE garaşsyz agentligi habar berýär.




















