Habarlar

Türkmenistan Wenadaky ÝHHG-nyň Ykdysady we ekologiýa ölçegleri boýunça maslahatyna gatnaşýarTürkmenistan Wenadaky ÝHHG-nyň Ykdysady we ekologiýa ölçegleri boýunça maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistan Wenadaky ÝHHG-nyň Ykdysady we ekologiýa ölçegleri boýunça maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 29-njy oktýabrda Wenada geçirilen ÝHHG-nyň Ykdysady we ekologiýa ölçeglerini durmuşa geçirmek boýunça maslahatyna (EEDIM) gatnaşdy. Ykdysady we ekologiýa çäreleriniň utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan gurnalan we Maltanyň ýolbaşçylygyndaky çäre, öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin gatnaşyjy döwletleriň wekillerini we hünärmenleri birleşdirdi.

Hytaý “Şençžou-19” sürüji gämisini orbita stansiýasyna ýolladyHytaý “Şençžou-19” sürüji gämisini orbita stansiýasyna ýollady

Hytaý “Şençžou-19” sürüji gämisini orbita stansiýasyna ýollady

Hytaý düzüminde üç taýkonawtly “Şençžou-19” älem gämisini özüniň “Týangun” orbita stansiýasyna ýollady. China Daily-nyň habar bermegine görä, goýberiş 30-njy oktýabrda Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Gansu welaýatyndaky Szýusýuan kosmodromyndan pekin wagty boýunça sagat 04:27 “Çançžen-2F” raketa-göterijisiniň kömegi bilen amala aşyryldy.

Türkmenistan gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET 2024) geçirilmegine taýýarlanýarTürkmenistan gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET 2024) geçirilmegine taýýarlanýar

Türkmenistan gurluşyk, senagat we energetika boýunça halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET 2024) geçirilmegine taýýarlanýar

Aşgabat şu ýylyň 3-5-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty we energetikasy” (CIET 2024) atly Halkara maslahaty we sergini kabul etmäge taýýarlanýar. Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçiriljek üç günlük çäräniň guramaçylary hökmünde “Türkmenhimiýa” Döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky Döwlet agentligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi çykyş edýärler.