HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň Bahar baýramy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi

Dekabr 05, 2024 | 13:19 |5554
Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) aý senenamasy boýunça Hytaýyň däp bolan Täze ýylynyň başlanmagynyň alamatyna öwrülen Bahar baýramyny hem-de onuň bilen baglanyşykly hytaý halkynyň durmuş tejribelerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu barada Sinhua habarlar agentligi belleýär.Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) aý senenamasy boýunça Hytaýyň däp bolan Täze ýylynyň başlanmagynyň alamatyna öwrülen Bahar baýramyny hem-de onuň bilen baglanyşykly hytaý halkynyň durmuş tejribelerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu barada Sinhua habarlar agentligi belleýär.
Çeşme: russian.news.cn

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet baradaky ýöriteleşdirilen edarasy (ÝUNESKO) aý senenamasy boýunça Hytaýyň däp bolan Täze ýylynyň başlanmagynyň alamatyna öwrülen Bahar baýramyny hem-de onuň bilen baglanyşykly hytaý halkynyň durmuş tejribelerini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizdi. Bu barada Sinhua habarlar agentligi belleýär.

Degişli karar Paragwaýda 2-7-nji dekabr aralygynda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak barada Hökümetara komitetiniň 19-njy sessiýasynda kabul edildi.

Komitet tutuş hytaý jemgyýetçiliginiň gatnaşýan bu baýramçylygyna mahsus bolan däp-dessurlaryň we özboluşly medeni esaslarynyň giň görnüşlerini hasaba aldy. Bahar baýramy adamlaryň we tebigatyň arasyndaky sazlaşygy aýdyňlaşdyrýar hem-de azyk howpsuzlygy we bilim ulgamyndaky durnukly ösüşe ýardam edýär. Şeýle-de bu baýramçylyk daşky gurşaw barada habarlylygy ýokarlandyrmakda möhüm orun tutýar.

ÝUNESKO-da bellenilşi ýaly, Bahar baýramy dürli durmuş tejribelerini, şol sanda üstünlik barada dogalary we maşgala bilen birikmegi öz içine alýar. Şol gün ýaşuly nesli tarapyndan guralýan çäreler hem-de jemgyýet tarapyndan guralýan köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri geçirilýär.

Bahar baýramy bilen baglanyşykly däbe öwrülen bilimler we däp-dessurlar maşgalalarda resmi däl ýagdaýda hem-de bilim ulgamy arkaly resmi ýagdaýda geçirilýär. Baýramçylyk bilen bagly hünärmentçilik we döredijilik ukyplary şägirtlik ýoly arkaly geçirilip, maşgala gymmatlyklaryň, jemgyýetçlik agzybirligiň we parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmek bilen, medeni barlyk duýgysyny emele getirýär.

ÝUNESKO-nyň sessiýasynda hytaý wekiliýetiniň başlygy HHR-iň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Žao Sýuan Bahar baýramyny ykrar edendikleri üçin ÝUNESKO guramasyna minnetdarlygyny bildirdi. Ol Bahar baýramynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi parahatçylygyň we sazlaşygyň köptaraply gymmatlyklarynyň ösdürilmegine ýardam edip, durnukly ösüşde maddy däl medeni mirasyň möhüm ornuny açyp görkezjekdigine ynam bildirdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026