HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen wekiliýeti DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli ýolbaşçy düzümiň mejlisine gatnaşdy

Dekabr 05, 2024 | 11:39 |5016
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň we Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň hünärmeniň düzümindäki türkmen wekiliýeti DARYA (Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Ýokary derejeli ýolbaşçy düzümiň (ÝDT) üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň we Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň hünärmeniň düzümindäki türkmen wekiliýeti DARYA (Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Ýokary derejeli ýolbaşçy düzümiň (ÝDT) üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.
Çeşme: education.gov.tm

Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň we Özbegistan Respublikasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň hünärmeniň düzümindäki türkmen wekiliýeti DARYA (Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket) sebitleýin taslamasynyň çäklerinde Ýokary derejeli ýolbaşçy düzümiň (ÝDT) üçünji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Çäre Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň, şeýle hem ÝB-niň, halkara guramalarynyň wekilleriniň we beýleki gyzyklanma bildiren taraplaryň gatnaşmagynda 4-nji dekabrda Daşkentde geçirildi. Ol Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen Ýewropanyň Bilim gaznasy (ÝBG) tarapyndan guraldy.

Zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk gelýän ukyplary ösdürmek; inklýuziw we durnukly bilimi goldamak; çeýe hünär derejelerini ornaşdyrmak meseleleri maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklary boldy.

Gatnaşyjylar sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmekde hökümetara dialogyň we ylalaşykly işiň wajyplygy barada aýratyn nygtadylar. Şeýle hem, DARYA taslamasynyň çäklerinde geljekki başlangyçlaryň esasyna girjek strategiki maslahatlar bilen tanyşdyryldy.

Çäre özara tejribe alyşmakda hem-de Merkezi Aziýada hünär derejeleriň kämilleşdirilmekde hyzmatdaşlygy we strategiki taýýarlanmany pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança boldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026