Habarlar

Arkadag şäheri Wenada ESQR Quality Choice Prize – ýokary hil baýragyna mynasyp boldyArkadag şäheri Wenada ESQR Quality Choice Prize – ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

Arkadag şäheri Wenada ESQR Quality Choice Prize – ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Arkadag şäheri ESQR – Hil seljeriş boýunça Ýewropa Jemgyýetiniň abraýly Quality Choice Prize 2024 baýragyna mynasyp boldy. Baýrak dabarasy Wena şäheriniň meşhur Parkhotel Schönbrunn myhmanhanasynda geçirildi. Bu halkara çäre European Society for Quality Research (ESQR) tarapyndan gurnaldy we şäher ösüşi, saglygy goraýyş hem-de energiýanyň netijeliligi ýaly ugurlarda ýokary hilli dolandyryşyň üstünliklerini belleýär

USAID Türkmenistanyň startap ekosistemasyny ösdürmek üçin Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirdiUSAID Türkmenistanyň startap ekosistemasyny ösdürmek üçin Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirdi

USAID Türkmenistanyň startap ekosistemasyny ösdürmek üçin Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID), Netijelilik (MCT agentligi) kompaniýasy bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 7-8-nji dekabrynda Aşgabatda hakaton geçirdi. Bu çäre, Türkmenistanyň dürli künjeklerinden 67 sany zehinli web döredijileri, dizaýnerleri we IT hünärmenlerini bir ýere jemläp, ýaş hünärmenlere maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary (IT) ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek üçin meýdança berdi.

Türkmenistan GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdyTürkmenistan GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň gatnaşyjy-döwletleriň Döwlet we köpçülikleýin tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň hem-de GDA gatnaşyjy-döwletleriň Döwletara maglumat toparynyň (DMT) Dolandyryş geňeşiniň mejlisine gatnaşdy. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

Ankara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara  ylmy-amaly maslahat geçirildiAnkara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara  ylmy-amaly maslahat geçirildi

Ankara şäherinde Türkmenistana bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Ankara şäherinde «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk düşünjesi we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly, Gündogaryň beýik akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 28 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ýygyndysynyň türk dilindäki täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.