HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Ýanwar 18, 2025 | 11:00 |9486
2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Kowentri uniwersitetiniň wekilleriniň we Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky gyzyklanma bildirýän taraplarynyň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Kowentri uniwersitetiniň wekilleriniň we Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky gyzyklanma bildirýän taraplarynyň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.
Çeşme: education.gov.tm

2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Kowentri uniwersitetiniň wekilleriniň we Türkmenistanyň bilim ulgamyndaky gyzyklanma bildirýän taraplarynyň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri hem-de Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdy.

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň bilim ulgamy boýunça häzirki hyzmatdaşlyga oňaýly baha berip, taraplar gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkin bolan pudaklary öwrendiler. Munuň bilen baglylykda, talyp alyş-çalyşygyna, bilelikdäki gözleg başlangyçlara we okuw maksatnamalara aýratyn ähmiýet berildi.

Kowentri uniwersitetiniň işewürligi ösdürmek boýunça müdiriniň orunbasary Kristofer Tagg uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlyk strategiýasy, ýokary okuw mekdebinde dowam edýän hyzmatdaşlygyň üstünlikleri barada gürrüň berdi hem-de Türkmenistanyň bilim edaralary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmegiň innowasion usullaryny teklip etdi.

Netijeli geçen bu duşuşyk iki ýurduň hem ylym-bilim çygrynda umumy maksatlaryny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026